Her ýazda alymlar ir bahar gülleriň çykyşyna syn edýärler we ýurdumyzyň diňe şu sebitinde duş gelýän gül ösümlikleriniň seýrek hem endemiki görnüşleriniň hasabatyny ýöredýärler.
Könekesir jülgesiniň ýokarky akymyna, Serizaw dagyna (garry Nohur) sapar diňe bir baharyň soňky basgançagynyň ösýän ýerlerini meýilnama boýunça gözden geçirmek, ösümlikleriň ýagdaýyna baha bermek däl, eýsem täsin tebigy kiçi botanika bagyna haýran galdyryjy gezelenç hem bolup durýar. Sebäbi Sünt we Hasar daglarynyň ekoulgamlary tebigatyň özboluşly künjegidir, gurak subtropiki zolagyň miweli ösümlikleriň gelip çykan dünýä merkezleriniň biridir.
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Raddeniň turaçlary gowy gülledi, alymlar Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynyň aralyk zolagynda olaryň ýigrimiden gowrak has köp ösýän ýerini hasaba aldylar. Bu ösümlik öte çydamlydyr, ol durnuksyz bahar howasyna we ýokary guraklyga hem sowuga çydamly. Bir ösümlikde ona çenli jaňjagaz şekilli, solak-sarymtyl iri güli bolýar. Ol bary-ýogy iki hepdeden gowrak wagtda doly gülleýär.
Ösýän ýeri günorta-günbatar Köpetdagyň özboluşly dag ekoulgamlary bilen çäklenýän endemiki seýrek iki görnüş, köp ýyllyk geofitlerdir (amatsyz howa şertlerinde ösüş pyntyklaryny saklap galýar), tohumyndan hem, wegetatiw görnüşde-de köpelýär, aşa yssy howada hem ösmäge ukyply ösümlik.
Olaryň ekologiki ýerleri tapawutlydyr. Raddeniň turaçlary köp belentliklerde we tiplerde gögerýär, Litwinowyň sünbüliniň ösýän ýeri juda çäkli, ol belli bir ýerde gögerýän endemik ösümlikdir. Iki görnüş hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizilmese-de, olary gorap saklamak meselesi aradan aýrylmaýar.
Könekesirde gurak, ýiti kontinental howada gögerende bilelikde uýgunlaşmanyň ajaýyp mysaly bolan türkmen arçasy bilen ownuk miweli alçanyň arasynda simbiotik gatnaşyklar hadysasyny görmek bolýar.
Arça kserofitiki ösümlik hökmünde aşaky şahalaryny güýçli Gün radiasiýasyndan we gurak şemallardan goramak üçin ýokary çyglylygy, fotosintez we transpirasiýa üçin amatly şertleri döredýän pessejik alçadan gorag gözleýär. Beýleki tarapdan, ownuk miweli alça arça iňňeleriniň fitonidleri çykarmak, depesiniň howanyň gyzgynlygyny peseltmek, otlary gün şöhlesinden goramak üçin ony kölege edinýärler hem-de onuň ýellerden goramak ukybyny ulanýar.
Iki ösümligiň ösüşi iki tarapa hem zeper ýetirmeýär, ekoulgamyň durnuklylygyna goşant goşýar. Gül ösümliklerine has çuňňur düşünilmegi tokaýy dikeltmek we bioköpdürlüligi gorap saklamagy amatlylaşdyrmakda ulanylyp bilner.