Hytaý diliniň Halkara güni mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dabaraly çäre geçirildi. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy.
Hytaý diliniň güni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2010-njy ýylda «köp dilliligi we medeni köpdürlüligi baýram etmek, şeýle hem bütin Guramada resmi dilleriň ähli altysyny deňhukukly peýdalanmaga ýardam bermek üçin» döredildi. Her ýyl 20-nji aprelde bellenilýän Hytaý diliniň güni ady rowaýata öwrülen hytaý ýazuwyny esaslandyryjy San Sze-niň hormatyna döredildi.
Hytaý diliniň güni mynasybetli türkmen ýokary okuw mekdebinde uly we ajaýyp baýramçylyk geçirilip, gadymylygy, gözelligi hem-de hytaý diliniň we edebiýatynyň özboluşlylygyny, şeýle hem pugtalandyrylýan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny we ylym-bilim ulgamynda iki ýurduň depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyny giňden beýan etdi.
Çäräniň myhmanlary üçin ýokary okuw mekdepde baý hytaý medeniýetine bagyşlanan owadan sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda milli hytaý lybaslary, tebigat şekillendirilen eserler, kitaplar, Hytaýyň taryhy, dili, edebiýaty we medeni mirasy barada gürrüň berýän okuw gollanmalar görkezildi.
Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde hytaý dilinde dilewarlyk sungatynyň bäsleşiginiň netijelerini jemlemek dabarasy geçirildi. Hytaý diliniň Halkara gününe bagyşlanan bu bäsleşik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.
«Bütin dünýä – bir maşgala» diýen tema bagyşlanan bäsleşik biziň döwletimiziň parahatçylyk, dostluk, hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrdy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly ähmiýetini ýüze çykardy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pedagogika bilimi (hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty) hünäriniň 3-nji ýyl talyby Şirin Muhammetgurbanowa 1-nji orny eýeledi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Sabina Şöhratjanowa hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty) hünäriniň 3-nji ýyl talyby Nigora Gurbanowa ikinji orny paýlaşdylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň taýýarlygyň ätiýaçlandyryş işi hünäriniň 2-nji ýyl talyby Soltan Nurmämmedowa hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň taýýarlygyň pedagogika bilimi (hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty) hünäriniň 3-nji ýyl talyby Amandursun Geldimyradowa 3-nji orny eýelediler.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndaky baýramçylygy talyp ýaşlaryň döredijilik çykyşlary bezedi. Sahnada türkmen we hytaý milli aýdymlary we tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirilip sungatyň dili arkaly agzybirligi hem-de iki halkyň dostlugyny aýdyň ýüze çykardy.