Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşik geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşik geçirdi

view-icon 1618
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşik geçirdi

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «ICT Start-up: Durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary» atly innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşigi bu ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurady.

Intellektual bäsleşik ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi we çärä öz bilimini, başarnygyny we ukybyny görkezmäge mümkinçilik alan köp sanly ýaşlar gatnaşdy. Bäsleşige 30 ýaşa çenli ýaşlar - ýokary synp okuwçylary, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem ýurduň ýaş hünärmenleri gatnaşdylar.

Bäsleşik iki günüň dowamynda emeli aň, robot we awtomatlaşdyryş, «akylly» oba hojalygy tehnologiýalary, «akylly» şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, hyzmat torlary ýaly ýedi ugur boýunça geçirildi.

Gatnaşyjylar kiçi telekeçiligi döretmek, satyn alyş taslamalary, iri taslamalar, döredijilik ýa-da durmuş taslamalary ýaly işlerini teklip etdiler.

Ýaryş bäsdeşlik we dostluk ruhunda geçdi, ol peýdaly bilim, kreatiw ideýalar we gymmatly tejribe alyşmak, bilim edaralarynyň wekilleri bilen ýurduň işewür gurluşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin netijeli meýdança boldy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça emin agzalary ýedi uguruň hersi boýunça baýrakly orunlaryň ýeňijilerini kesgitlediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary, minnetdarlyk hatlary we Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gymmatly sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy institutyň «Kuwwat» talyplar döredijilik toparynyň gatnaşmagynda baýramçylyk aýdym-saz konserti bilen tamamlandy.

Bäsleşik telekeçilik başarnyklaryny özleşdirmäge we hususy telekeçilik işini döretmäge höwesek zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, innowasion işleri hem-de ýaşlaryň satrtap-başlangyçlaryny höweslendirmek hem-de goldamak, häzirki zaman tehnologiýalaryny başarjaň ulanyp bilýän giň dünýägaraýyşly erjel nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen geçirildi.