22-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylaryň arasynda II halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.
Aşgabatdaky olimpiada dünýäniň 15 ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan, Ermenistandan, Bolgariýadan, Nepaldan, Hytaýdan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan, Pakistandan, Wýetnamdan, Katardan hem-de ýurdumyzdan 230-dan gowrak zehinli okuwçylary we 50-ä golaý mugallymlary bir ýere jemledi.
Olimpiadanyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri, halkara olimpiadanyň eminleriniň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň okuwçylary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Çykyşlarda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine hem-de ýurtlaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly orun eýeleýän şunuň ýaly ýokary derejeli halkara çärelerini geçirmäge giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirildi. Bu olimpiadanyň has zehinli ýaş türkmen we daşary ýurtly matematikleri ýüze çykarmaga we höweslendirmäge, şeýle hem halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini mundan beýläk-de öňe ilerletmäge köp babatda ýardam berjekdigi nygtaldy.
Paýtagtymyzyň myhmanlarynyň garşylanylyşy halkymyza mahsus myhmansöýerlik we göwnaçyklyk bilen ýokary derejede guraldy. Olimpiadanyň açylyşy türkmen dilinde hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň dillerindäki aýdym-sazlar bilen utgaşyp, halklaryň arasyndaky dostlugy we parahatçylygy alamatlandyrdy. Mekdebiň eýwanynda sergi guralyp, daşary ýurtlulary milli bilim ulgamyndaky gazanylanlar, dürli ýyllarda türkmen okuwçylarynyň okuwda we halkara bäsleşiklerindäki üstünlikleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň döredijilik taslamalary hem-de işleri bilen tanyşdyrdy.
Dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine, bilim ulgamynda halkara derejesinde ykrar edilen özgertmeler we gazanylanlara bagyşlanylan wideoşekiller görkezildi. Dostlukly ýurtlaryň wekilleri çäräniň ajaýyp guralandygy we mähirli kabul edilendikleri üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Aşgabatdaky halkara ähmiýetli waka Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika we iňlis dili we edebiýaty hünärleriniň talyplarynyň işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Olar olimpiadanyň meýletinçileri hökmünde çykyş edýärler.
Daşary ýurtly wekiliýetler üçin baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. Günüň ikinji ýarymynda olimpiada gatnaşyjylar eýýäm ak mermerli Aşgabadyň gözel ýerlerine, «Ylham» seýilgähine hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkine baryp gördüler.
Mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasy 26-njy aprele çenli dowam eder.