Ï «Fortinet» - sanly dünýäde ygtybarlylyk we howpsuzlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Fortinet» - sanly dünýäde ygtybarlylyk we howpsuzlyk

view-icon 1129
«Fortinet» - sanly dünýäde ygtybarlylyk we howpsuzlyk

Şu ýylyň 24-nji aprelinde Aşgabatda «Iş Nokady» iş merkeziniň mejlisler zalynda «Fortinet Secure Talks» (Howpsuzlyk hakynda gürrüň) at bilen çäre geçirildi, onda maglumatlary goramagyň häzirki zaman usullary, tor enjamlary, şeýle hem emeli aň ulanmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräni «MARVEL» (Marvel Distribusiýa) kompaniýasynyň goldamagynda «Fortinet» kompaniýasynyň sebit wekilleri guradylar.

«Fortinet Secure Talks» kiberhowpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we dürli maglumat tehnologiýa pudaklary üçin çözgütleri hödürlemäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen çäreler tapgyrydyr. Çäreler möhüm düzümleri goramak, maglumat we amallar tehnologiýalaryň integrasiýasy (IT / AT), şeýle hem emeli aň ýaly täze döreýän wehimler we tehnologiýalar temalary öz içine alýar. 

Maslahatda hünärmenler kiberhowpsuzlyk pudagyndaky soňky üýtgeşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Elbetde, hünärmenleriň pikirine görä, geljekde emeli aňyň kiberhowpsuzlyga ornaşdyrylmagy, kiberwehimleriň öz wagtynda öňüni almak üçin tordaky ol ýa-da beýleki maglumatlaryň seljerme wagtyny azaltmaga kömek eder.