Ï Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 3301

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Siril Ramafosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Günorta Afrika Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.