Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Türkmen diliniň taryhy ösüşiniň döwürleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň doktorantlary, aspirantlary, alymlary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisiniň dowamynda türkmen dilini we edebiýatyny ösdürmäge, türkmen diliniň taryhyny, onuň şu gününi we geljegini, sözlük baýlygyny gorap saklamaga, onuň geljekki nesillere ýetirilmegini üpjün etmäge, türkmen edebi diliniň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge hem-de adalgalary türkmen diline geçirilmäge gönükdirilip, alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýdyldy.
Soňra ylmy-amaly maslahat «Türkmen diliniň taryhy ösüşi», «Türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş döwürleri» diýen iki bölüm boýunça öz işini dowam etdi.
Türkmen diliniň kemala gelişiniň taryhyna, taryhy çeper filmleriň leksiki aýratynlyklaryna, sanlylaşdyrmagyň netijesinde türkmen dilinde täze sözleriň peýda bolmagynyň we ulanylmagynyň aýratynlyklaryna, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde modal sözleriň ulanylşyna, türkmen diliniň we edebiýatynyň ösüşiniň döwürlere bölünişi baradaky meseleler babatda türkmen we pars dilleriniň (Sefewitler eýýamy) dil aragatnaşyklarynyň taryhyna bagyşlanan ylmy çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, milli dili we edebiýaty, taryhy, medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmäge hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çärä gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebiň baş binasynda maslahat mynasybetli guralan ýöriteleşdirilen sergä baryp gördüler. Institutyň «Altyn miras» medeni merkeziniň zehinli döredijilik toparynyň talyplarynyň aýdym sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.