Şu hepde Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň ep-esli derejede üýtgäp durmagyna garaşylýar. Yssy günleriň ýerine bahar serginligi geler, käbir ýerlerde bolsa ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagar. Şeýle-de bolsa, dynç günlerinde ýurdumyzyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy +40 gradusa çenli gyzar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +21...+23 gradus, gijelerine +15...+17 gradus maýyl bolar. Gysga wagtlyk ýagyş ýagar. Hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy gündizlerine +38 gradusa çenli gyzar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +19...+24 gradus, gijelerine +12...+17 gradus maýyl bolar. Dynç günleri howanyň temperaturasy gündizlerine +39 gradusa çenli gyzar.
Balkan welaýatynda bulutly we şemally howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +19...+24 gradus, gijelerine +17...+22 gradus maýyl bolar. Hepdäniň dowamynda ýagyş ýagyp biler. Dynç günleriniň dowamynda howanyň temperaturasy +30 gradusa çenli maýyl bolar.
Mary welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +25…+30 gradus, gijelerine +13…+18 gradus maýyl bolar. Hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy gündizlerine +41 gradus yssy bolar.
Lebap welaýatnda az-kem bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +20…+25 gradus, gijelerine +11…+16 gradus maýyl bolar. Käbir ýerlerde az wagtlyk ýagyş ýagar. Hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy +41 gradus yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +14…+19 gradus, gijelerine +9…+14 gradus maýyl bolar. Ýagyş ýagmak ähtimaly ýokary. Dynç günleri açyk howa bolar. Gündiz howanyň temperaturasy +35 gradusa çenli maýyl bolar.