Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Dünýä ykdysadyýeti» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşjaklary saýlap almagyny tamamlaýar. Bäsleşik Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda institut tarapyndan geçirilýär.
Olimpiada okaýan döwrüniň haýsy ýyldygyna we taýýarlyk ugruna garamazdan her ýokary okuw mekdepden 4 talyba çenli gatnaşyp bilýär.
Olimpiada 16-njy maýda özbaşdak bäsleşikler görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilýär. Gatnaşjaklar üçin «Dünýä ykdysadyýeti» dersi boýunça 10 ýumuş taýýarlanyldy, olary çözmäge 120 minut wagt berler.
Olimpiadanyň emin agzalarynyň düzümine Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary girýärler. Ýeňijiler toplanan iň köp utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler.
Olimpiada gatnaşmaga haýyşnamalar tsiem.worldec@sanly.tm, saparovagulnabat@mail.com elektron salgy boýunça 1-nji maýa çenli kabul edilýär. Haýyşnamanyň nusgasy hem-de olimpiadanyň geçirilişi baradaky ähli zerur maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirildi.
Halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek, talyplaryň dünýägaraýşyny hem-de ykdysady taýdan pikirlenişini ösdürmek, döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli çözgütleri kabul edip bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olimpiadynyň baş maksatlarynyň hatarynda durýar.
Guramaçylar bu olimpiadanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna, şeýle hem gymmatly ylym-bilimler hem-de iş tejribeler bilen özara bähbitli alyşmalar üçin mümkinçilik döretjekdiklerine ynam bildirýärler.