Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň roly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigine gatnaşarlar.
Bäsleşik 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriler.
Ýaşlaryň ylmy taslamalaryna halkara syn türkmen, iňlis we rus dillerinde iki tapgyrda geçiriler. Bir eseriň awtory hökmünde bir ýa-da iki talyp çykyş edip biler.
Bäsleşigiň birinji saýlama tapgyryna ylmy taslamalar 1-nji maýa çenli kabul ediler. Bäsleşik BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) arassa suw we arassaçylyk, elýeterli we arassa energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňiz ekoulgamyny goramak we beýleki ugurlary boýunça geçiriler.
Talyplaryň işlerine taslamanyň döwrebaplygynyň we ýerlikliliginiň delillendirilişi, taslamanyň innowasionlygy we ylmylygy, taslamanyň beýanynyň yzygiderliligi, taslamanyň tanyşdyrylyşynyň takyklygy we aýdyňlygy, taslamanyň amal edip boljakdygy we onuň önümçiliginiň harajatlary, taslamany taýýarlyk we tamamlamak derejesi boýunça baha berler.
Bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegini, aýanlygyny we gatnaşyjylaryň işine adalatly baha berilmegini üpjün etmek üçin ýörite merkezi guramaçylyk topary döredilýär. Onuň hatarynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri, professorlar, mugallymlar, ylmy işgärler, ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan ekologiýa we daşky gurşawy goramak pudagynda ylmy işleri alyp barýan alymlar bar.
Ikinji tapgyra geçen ylmy-taslama işleriniň sanawy 20-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň resmi saýtynda ýerleşdiriler, onda bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri we ylmy taslamalary hasaba almak barada jikme-jik maglumat berler.
Bäsleşigiň birinji tapgyrynyň netijeleri boýunça talyplar merkezi guramaçylyk toparynda öz ylmy taslamalarynyň onlaýn tanyşdyrylyşy bilen çykyş ederler. Bäsleşigiň ikinji esasy tapgyry şu ýylyň 2-6-njy iýuny aralygynda geçiriler.
Bäsleşigiň esasy maksady ylym we bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we BMG-niň ösüş maksatlaryna ýetmek, talyplaryň ylmy barlaglara höweslendirmek, döredijilikli pikirlenmek we özbaşdak iş ukyplaryny ösdürmek, zehinli ýaşlary goldamak, talyplaryň ekologiýa medeniýetini we azyk howpsuzlygy babatda bilimlerini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, şeýle hem ýaşlaryň bu ugurlarda ylym we tehnologiýanyň häzirki zaman ýörelgeleri bilen tanyşlygyny üpjün etmekdir.