Ï Türkmenistanda Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligi başlandy

view-icon 1415
Türkmenistanda Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligi başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurt bölümi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligine başlady.

Immunizasiýa hepdeligi bu ýyl «Hemmeler üçin immunizasiýa adam güýjünde» diýen şygar astynda geçmek bilen, ähli jemgyýetlerde sanjymlaryň adalatly amala aşyrylmagynyň ýokary görkezijilerini çalt gazanmagyň zerurdygyny nygtar. Immunizasiýa hepdeligiň esasy maksady sanjym arkaly ýokanç keselleriň öňüni almagyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan hem-de ynamly garaýşy döretmekden ybaratdyr.

Türkmenistanda geçiriljek Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligini Türkmenistanyň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli immunizasiýa maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine garaljak we öňüni alyş sanjymlarynyň milli senenamasyndaky üýtgeşmeleriň ara alyp maslahatlaşyljak maslahat bilen açylar. Şeýle hem BMG-niň saglyk maksatnamalarynda işleýän hünärmenleriniň, lukmançylyk işgärleriniň we talyplaryň gatnaşmagynda «tegelek stol» geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu çäre «immunizasiýa keselleriň öňüni almak we adam ömrüni goramak üçin zerurdyr» diýen pikiri öňe sürmek üçin, her ýyl geçirilýän Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeliginiň ähmiýetini nygtap görkezer.