Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça hasabat ulgamyny berkitmäge bagyşlanan birnäçe iş maslahatyny geçirdi. Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda garyşyk görnüşinde geçirilen duşuşyklar esasy ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we BMG-niň edaralarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Duşuşyga gatnaşanlaryň ugur alan esasy resminamasy 2025 – 2027-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty güýçlendirmek boýunça etmeli işlere degişli ýol kartasy boldy. Bu resminama gözegçilik mehanizmlerini gowulandyrmak we ileri tutulýan milli ugurlary bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bilen ylalaşdyrmak üçin strategik çemeleşmäni kesgitleýär. Maslahatlaşmalar durnukly ösüşiň birnäçe möhüm taraplaryny, şol sanda bilim, daşky gurşawy goramak we azyk howpsuzlygyny-da öz içine aldy.
Dört gün dowam eden maslahatdan soň, oňa gatnaşanlar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirilmegi barada has giňişleýin hasabat bermegi üpjün etmek üçin, indiki ädimler barada ylalaşdylar.