Ï Aşgabatda metbugat we maglumat sowatlylygy boýunça okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda metbugat we maglumat sowatlylygy boýunça okuw maslahaty geçirildi

view-icon 2930
Aşgabatda metbugat we maglumat sowatlylygy boýunça okuw maslahaty geçirildi

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat we maglumat sowatlylygy boýunça tälimçileri taýýarlamaga gönükdirilen iki günlük okuw geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri we «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýan birnäçe gurama gatnaşdy.

Okuwy halkara bilermenler – “MediaNet” Halkara žurnalistika merkeziniň müdiriniň orunbasary we “Facktcheck.kz” gazetiniň baş redaktory Duman Smakow (Gazagystan), şeýle hem “facktcheck.tj” gazetiniň esaslandyryjysy we metbugat tälimçisi Rustam Gulow (Täjigistan) geçirdiler. Bilermenler köpçülikleýin habar beriş serişdeleridir maglumat sowatlylygy boýunça täsirli okuwlary guramak we geçirmek boýunça tejribeleri barada gürrüň berdiler.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor metbugat sowatlylygynyň indi birnäçe ýyl bäri bu guramanyň esasy ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup gelýändigini we bu okuwyň öňki çäreleriň dowamydygyny aýtdy. Bu tagallalar adam hukuklary babatyndaky hereketleriň milli meýilnamasynyň metbugat we pikir beýany azatlygyna degişli düzgünleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

ÝHHG-niň bu ugurda yzygiderli iş alyp barýandygyny bellemelidiris. 2022-nji ýylda milli tälimçileriň ilkinji topary taýýarlyk geçip, kärdeşleri üçin žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça üstünlikli okuw geçirdi. 2023-nji ýylda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we degişli edaralar üçin metbugat sowatlylygy endiklerini özleşdirmek boýunça okuw geçirildi. 2024-nji ýylda tagallalar tälimçileri taýýarlamaga gönükdirildi, bu bolsa kärdeşleriniň arasynda metbugat sowatlylygy boýunça mundan soňky okuwlary geçirmek üçin milli tälimçileriň ýene bir ätiýaç toparyny döretmäge mümkinçilik berdi.

“ÝHHG-ä girýän döwletlerde metbugat we maglumat sowatlylygyna ýardam” taslamasynyň çäginde 2024-nji ýylda ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekiliýet býurosy-da ÝHHG sebitinde metbugat azatlygy babatynda sowatlylygyň ýokarlandyrylyşy barada hasabat çap edip, okuwa gatnaşanlara hödürledi.

Şahadatnamalaryň gowşurylmagy täze bilermenleri taýýarlaýyş okuwynyň soňky basgançagy boldy.