Ï Ynsanperwerlik – mukaddes we mizemez mirasymyz
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ynsanperwerlik – mukaddes we mizemez mirasymyz

view-icon 1669

2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasy başlangyçlary bilen Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy iňňän dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Bu möhüm syýasy wakanyň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşmagy garaşylýan toý dabaralarynyň derejesini öňküden hem beýgelder we halkara giňişliginde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji strategiki ýörelgeleriniň has ynamly ýaýramagy üçin giň ýollary açar.

Türkmenistan dünýäde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek biragyzdan ykrar edilen ýeke-täk demokratik döwletdir.

Munuň özi geçen 30 ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň tutuş ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda alyp baran we netijeli durmuşa geçirýän ägirt uly ummasyz işlerine, ýokary ynsanperwer syýasatyna, özara ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky beýik başlangyçlaryna dünýä jemgyýetçiliginiň beren iň ýokary, iň mynasyp bahasydyr.

Bitaraplyk taglymaty biziň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň özenidir, hamyrmaýasydyr. Bu taglymatyň gözbaşynda ata-babalarymyzyň geçen buýsançly şanly ýollaryny ýagtyldan, ýurdumyzyň köp asyrlyk taryhyny mazmun taýdan baýlaşdyran, türkmen halkynyň ýiti pähiminden, zehininden dörän milli mirasymyzyň süňňüne siňen parahatçylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýaly mukaddeslikler möhüm orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty geçen 30 ýylda diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem sebit döwletlerinde, tutuş dünýä ýüzünde parahat durmuşyň berkarar bolmagy üçin möhüm taglymat bolup hyzmat edip gelýär. Bu günki gün Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde Türkmenistan Ata Watanymyz parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany diýlip ykrar edilen döwlet hökmünde giňden tanalýar we sarpalanýar. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki ornuna uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda sebit hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu halkara syýasy strategiýanyň özeni bolup Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde durmuşa geçirýän netijeli Dialogy durýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň giň gerimli çärelere beslenýän şanly günlerinde, ýagny, 21-24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Gazagystan, Gyrgyzstan we Özbegistan Respublikalaryna amala aşyran belent maksatly dostlukly saparlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň sebit ýurtlary bilen has irki asyrlardan bäri dowam edýän ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, parahatçylyk söýüjilik ýaly häzirkizaman gatnaşyklarynyň zerur şertleriniň talaplaryna laýyklykda has hem baýlaşdyrmaga gönükdirilen möhüm ähmiýetli taryhy waka öwrüldi.

Milli Liderimiziň saparlarynyň çäklerinde Gazagystan, Gyrgyzstan we Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri bilen geçiren möhüm gepleşikleri, bu döwletleriň milli medeni toplumlaryna, muzeýdir, goraghanalaryna we belli taryhy şahsyýetleriniň aramgählerine, syýahatçylyk-maglumat merkezlerine, atçylyk toplumlaryna, şeýle hem ykdysady seýilgäh zolaklaryna bilelikde baryp görmegi ynsanperwer ýörelgeleriň sebitara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny ýene-de bir gezek açyp görkezdi.

Saparlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyza gyrgyz halkynyň milli ak öýüniň hem-de Han atly bedewiň sowgat berilmegi, Özbegistanyň «Ýokary derejeli dostluk» ordeniniň dabaraly gowşurylmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandyna berlen ýokary baha boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagy ugrunda eden köpýyllyk tagallalarynyň, bitiren çäksiz hyzmatynyň iň mynasyp derejede ykrar edilmegidir.

Ynsanperwerlik – parahatçylygyň we ynanyşmak ýörelgeleriniň ygtybarlylygyny üpjün edýän iň möhüm şertleriniň biri. Bu mukaddes ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar nesillerimiziň, eneleriň saglygyny goramak, dikeltmek babatynda ösdürýän we hakyky iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Dört ýyl mundan ozal döredilen we häzirki wagtda bu ugurda ummasyz işleri durmuşa geçirýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň toplan düýpli tejribeleri munuň aýdyň mysalydyr. Diňe bir Türkmenistanyň çagalarynyň däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň çagalarynyň saglygyny goramaga gönükdirilen gaznanyň işine goldaw bermekde Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ägirt uly goşant goşýar, munuň netijesinde hem ýurdumyzda haýyr-sahawat işini ösdürmekde ummasyz işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, enäniň we çaganyň saglygyny goramak «Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaz» diýen ýörelgäni esasy ugur edinen bu gaznanyň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatynda durmuşa geçirilýän giň göwrümli taslamalary, toplanan nusgalyk tejribeleri halkara giňişliginde wagyz etmek, bu ugurda sebitara hyzmatdaşlygy ygtybarly ösdürmek babatyndaky tagallalar barha işjeňleşýär. Şu ýylyň 29-njy martynda bu gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygynda iňňän guramaçylykly derejede gurnalan «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly maslahat munuň aýdyň mysalydyr. 

Maslahata Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Päkistanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzstanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Belarussiýanyň ýokary derejeli myhmanlary, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen halkara guramalaryň we daşary ýurtly kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli sebitde ilkinji «akylly şäher» Arkadag şäherinde gurnalan bu möhüm halkara forumyň Garaşsyz Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine berk ygrarlydygyny subut edýän çuňňur ähmiýetli wakadygyny aýratyn bellediler.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň çuňňur mazmunly çykyşynda gaznanyň döredilmeginiň logiki we oýlanyşykly ädim bolandygyny we geçen 4 ýyl wagtyň bu pikiriň dogrudygyny, onuň derwaýysdygyny hem-de möhümdigini görkezendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde Oguljahan Atabaýewanyň «Biz adamlar üçin näme etdik, olara nähili kömek etdik, kim kömege we howandarlyga mätäçlik çekýär? Bu soraglar hemişe döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde durmaly diýip hasap edýärin. Olaryň jogaby bolsa ähli ynsanperwer işleriň häsiýetini kesgitlemelidir» diýip, halkara foruma gatnaşýanlara ýüzlenip aýdan sözleri türkmen halkynyň köpasyrlyk pelsepesine, baý ruhy medeniýetine, däp-dessurlaryna esaslanýan parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň, taglymatlarynyň bu gaznanyň işinde ileri tutulýan ugurlara öwrülendigini ýene-de bir gezek jar etdi. 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň halkara maslahata gatnaşan ýokary derejeli myhmanlar hem-de iri halkara guramalarynyň Aşgabatdaky düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren ençeme duşuşyklary we gepleşikleri, şeýle hem Monako Knýazlygyna, Özbegistana amala aşyran iş saparlary, galyberse-de, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň çäklerinde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatynda alnyp barylýan giň göwrümli ummasyz işler barada dünýäniň meşhur «Al-Arabiýa» teleýaýlymy üçin beren taryhy ähmiýetli interwýusy ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, baýlaşdyrylyp, nesillerden-nesillere geçirilip gelnen ynsanperwerlik ýaly mukaddes mirasymyzyň ynamly we gujurly ellerde saklanýandygyny bütin ýer ýüzüne äşgär eden möhüm wakalardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu gaznanyň alyp barýan ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan uly tutumly işlerini ýurdumyzda hem-de sebit we halkara giňişliginde teleýaýlymlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly giňden wagyz etmek işleriini işjeňleşdirmek zerurdyr. 

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy goňşy doganlyk ýurtlara amala aşyran üstünlikli we iňňän netijeli dostlukly saparlary bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Milli Liderimiziň we belent mertebeli Prezidentimiziň goňşy ýurtlary doganlyk we köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary bilen berk baglanyşdyrýan ynsanperwer syýasaty mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Çynar Rüstemowa,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary.