Düýn Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly sport marafony geçirildi. Sport-sagdynlyk çäresine gatnaşyjylar üç müň alty ýüz metr aralyga ylgamakda ezberligini we çydamlylygyny görkezdiler.
Uzak aralyga ylgamak boýunça bu ýaryşa 10 adamdan ybarat eminler gözegçilik edýärler. Belli-belli nokatlarda eli baýdakly ýol görkezijiler durup, ýaryşa gatnaşyjylary barmaly ugurlaryna ugrukdyrýarlar.
Ýaryşyň jemleri oňa gatnaşan talyp zenanlaryň we erkekleriň, Aşgabat şäheriniň zenan we erkek ýaşaýjylarynyň hem-de mekdep okuwçy gyzlarynyň we oglanlarynyň aralarynda kesgitlenildi.
Şunda zenan talyplaryň arasynda Türkmenistanyň Telekomunikasiýalar we informatika institutynyň 5-nji ýyl talyby E.Esedowa 14 minut 33,8 sekunt wagt bilen we erkek talyplaryň arasynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby P.Babanyýazow 9 minut 22 sekunt wagt görkezip ýeňiji boldular.
Aşgabat şäheriniň zenan we erkek ýaşaýjylarynyň arasynda degişlilikde paýtagtymyzyň Magtymguly şaýoly köçesiniň 46-njy jaýynyň 6-njy öýüniň ýaşaýjysy W.Baýowa 17 minut 15 sekunt wagt görkezip hem-de Aşgabat şäheriniň Garadamak ýaşaýyş toplumynyň 5/2 jaýynyň ýaşaýjysy S.Saparow 11 minut 52 sekunt wagt bilen birinji orun eýelediler.
Mekdep okuwçy gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy A.Seýdullaýewa 15 minut 49,5 sekuntda hem-de oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň 74-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy O.Orazmyradow 13 minut 12,2 sekuntda pellehanadan birinji bolup geçmegi başardylar we ýeňiji boldular.
Ýeňijilere hem-de beýleki hormatly orunlara mynasyp bolanlara baýrak hökmünde gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar dabaraly gowşuryldy.