Ï «Altyn asyr» futbol topary «Nebitçi» toparyndan üstün çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» futbol topary «Nebitçi» toparyndan üstün çykdy

view-icon 881
«Altyn asyr» futbol topary «Nebitçi» toparyndan üstün çykdy
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň ýokary liga toparlarynyň arasynda geçýän futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň açylyş oýny paýtagtly «Altyn asyr» toparynyň Balkanabadyň «Nebitçi» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykmagy bilen tamamlandy.

Oýun Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Sport toplumy» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň ykbalyny Röwşen Halmämmedowyň 70-nji minutda tora salan pökgüsi kesgitledi. Şeýlelik bilen, Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri birinji aýlawda hut şunuň ýaly pes hasap (1:0) bilen «Nebitçi» toparyndan utulanynyň öwezini doldular.

Bu ýeňişden soň 16 utuk toplan «Altyn asyr» topary üçünji ýerde mäkäm ornaşdy. Ýaryş sanawynyň ilkinji iki setirini hersiniň 18 utugy bolan Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Arkadag» futbol topary bilen geçen ýylky milli çempionatyň kümüş medalçysy «Ahal» topary paýlaşýar. Ýöne «Arkadag» topar iki oýny az oýnapdyr.

«Nebitçi» topary indiki tapgyrda 9-njy maýda Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary, «Altyn asyr» topary bolsa ýakyn wagtdaky oýnuny 18-nji maýda «Ahal» topary bilen oýnar.

Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyry 3-nji maýda «Şagadam» – «Aşgabat», «Merw» – «Köpetdag» toparlarynyň oýunlary bilen dowam eder. Şu tapgyrda geçirilmeli bolan «Ahal» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky oýun bolsa ýurt çempionynyň AFK Çagyryş ligasynyň finalyna taýýarlanýandygy sebäpli, ätiýaçlyk günleriniň birine geçirildi.