Ï «Senagatbank» topary futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda iň öňdäki orna geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Senagatbank» topary futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda iň öňdäki orna geçdi

view-icon 886
«Senagatbank» topary futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda iň öňdäki orna geçdi
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ýaryşyň öňdäki ornuna «Senagatbank» topary geçdi.

Milli çempionatda bu ýagdaý Mergen Ataýewiň şägirtleri yzly-yzyna üçünji ýeňşini gazanyp, ýurduň öňki çempiony, Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» toparyny 2:1 hasabynda utanda, 4-nji tapgyryň netijelerinden soň ýüze çykdy.

Bu oýundan soň «Senagatbank» topary 10 utuk toplady. «Migrasiýa» toparyny 3:1 hasabynda utan Türkmenistanyň häzirki çempiony «Köpetdag» topary bolsa «Senagatbank» toparyndan 1 utuk yza galýar. Bu 7 utuk bilen öňde barýan üçlügiň soňky hatarynda duran «Migrasiýa» toparynyň ilkinji ýeňlişidir.

Ýaryşyň başga bir oýnunda 2025-nji ýyl Naýbaşy ligada ilkinji ýeňşini 4 utuk bilen dördünji orunda galan «Ahal» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan TNGIZT topary-da gazandy.

3 utukly TNGIZT topary bäşinji orna çykdy. Ýaryş sanawynyň soňky setirini 1 utuk gazanan «Deňizçi» topary eýeleýär.

Ilkinji dört tapgyryň oýunlarynyň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilendigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň indiki üç tapgyry 13-17-nji maý aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.