Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri Bolgariýa iş saparyny amala aşyrdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri Bolgariýa iş saparyny amala aşyrdylar

view-icon 1080
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri Bolgariýa iş saparyny amala aşyrdylar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekiliýeti apreliň soňky ongünlüginde Bolgariýanyň Angela Kynçew adyndaky Rusen uniwersitetinde iş saparynda boldy.

Sapar akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak, bilelikdäki ylym-bilim çärelerine gatnaşmak, ýokary bilimiň halkara derejesini üpjün etmek babatda ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen ÝB Erasmus+ maksatnamasynyň Halkara akademiki ykjamlylyk taslamasynyň çäklerinde geçirildi.

Türkmen institutynyň wekilleri «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşdylar. Onda halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda Rusen uniwersitetiniň prorektory Galina Iwanowa uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi. Ol Erasmus+ maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde öz ýokary okuw mekdebiniň tejribesi barada gürrüň berdi hem-de bu ugurda taraplaryň özara hereketlerini ösdürmegi teklip etdi.

Saparyň esasy çäreleriniň biri türkmen wekiliýetiniň «Bilimiň sanly ulgama özgermegi – meseleler we çözgütler» atly üçünji Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyndan ybarat boldy. Maslahatyň gün tertibine bilim bermek işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri, şeýle hem ýokary bilimi sanlylaşdyrmagyň geljegine degişli meseleler girizildi.

Forumda oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi, durnukly ösüş ýörelgeleriniň bilim ulgamyna ýakynlaşdyrylmagy ugrunda iň oňat tejribelere we gazanylan üstünliklere garaldy, dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy merkezleriniň wekilleriniň arasynda maslahatlaşmalar geçirilip, hünär tejribesi alşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň diller kafedrasynyň müdiri Gadam Akmyradow «Durnukly sanly geljek üçin «ýaşyl» bilimiň ähmiýeti» diýen tema boýunça çykyş etdi. Çykyşda bu işlerde sanly başarnyklary daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmek bilen sazlaşykly utgaşdyryp bilýän hünärmenleriň täze nesli kemala gelýän merkezler hökmünde ýokary okuw mekdepleriň eýeleýän örän möhüm orny nygtaldy. «Ýaşyl» bilimiň ynsanperwer dersler, tehniki hünärler we inženerçilik ugurlar bilen birlikde ähli bilim maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegi bolmalydygy bellenildi. Dilleri okatmakda ekologiýa ugurlarynyň utgaşdyrylmagyna degişli meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanyndaky «IT – Nurly şöhle» ylym-bilim merkeziniň direktory Göwher Begmyradowa «Hünär derejeli döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryň orny» diýen tema boýunça mazmunly çykyş etdi. Sanly tehnologiýalaryň okgunly ösýän hem-de elektron döwlet dolandyrylyşyna geçilýän şertlerde işgärleri taýýarlamagyň görnüşiniň ep-esli özgerendigi nygtaldy. Häzirki zaman döwlet gullukçylarynyň diňe bir binýatlyk sanly ukyp-başarnyklara eýe bolman, eýsem, işde maglumat ulgamlaryny netijeli ulanmagy, seljeriş häsiýetli maglumatlaryň esasynda çözgütleri kabul etmegi hem-de döwlet serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegi başarmalydyklary bellenildi.

Göwher Begmyradowa okuw işine döwrebap bilim platformalaryny we tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrýan, döwlet düzümleri üçin ýöriteleşdirilen okuwlary we maslahatlary geçirýän, şeýle hem interaktiw we uzak aralykdan görnüşleri ulanmak arkaly öwrediji taslamalary işläp taýýarlaýan «IT – Nurly şöhle» merkeziniň işi barada gürrüň berdi.

Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwlet dolandyryş ulgamynyň sanly usula geçmegi babatda iň oňat tejribeleri, şeýle hem döwlet edaralarynyň işgärleriniň arasynda sanly medeniýetiň kemala getirilmegine bolan çemeleşmeleri bilelikde ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekilleriniň Bolgariýanyň iň iri ýokary okuw mekdepleriniň birine bolan sapary köp babatda ylym we bilim ulgamlarynda halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi hem-de milli bilimiň dünýäniň akademiki giňişligine ýakynlaşmagy ugrunda nobatdaky ädime öwrülip, biziň ýurdumyzyň açyk gepleşikleri we özara bähbitli hyzmatdaşlygy maksat edinýändigini görkezdi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Bolgariýada bolmagy Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Bolgariýanyň Angel Kynçew adyndaky Rusen uniwersitetiniň arasyndaky ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň çäklerinde amala aşyryldy.