Ï Türkmenistanly dzýudoçy gyz Azerbaýjanda geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda bürünç medal eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly dzýudoçy gyz Azerbaýjanda geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda bürünç medal eýeledi

view-icon 1935
Türkmenistanly dzýudoçy gyz Azerbaýjanda geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda bürünç medal eýeledi

Türkmen dzýudoçysy Oguljan Ruslanowa Azerbaýjanda 12 ýurtdan 354 türgeniň gatnaşmagynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Ýewropa Kubogy (Quba Millennium Team Cadet European Cup 2025) ugrundaky ýaryşda bürünç medal gazandy. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy 70 kilograma çenli agram derejesinde 8 ýurtdan 18 türgeniň gatnaşmagynda gyzlaryň arasynda şeýle üstünlige ýetdi. 

Birinji tutluşykda Oguljan Ruslanowa «ippon» bilen Rena Ahmadowany (Azerbaýjan) 30 sekuntda ýeňdi, ikinjisinde bolsa, tutluşygyň dowamynda iki duýduryşly «ýuko» baha bilen utulsa-da, Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) baýdagy astynda bäsleşen russiýaly Sofiýa Ýarmantowiçden erjellik bilen arassa ýeňiş gazandy. Finala çykmak ugrunda O.Ruslanowa çekeleşikli tutluşykda Nini Dzaganiýadan (Gruziýa) ýekeje «yuko» bilen utuldy we 3-nji ýer ugrundaky göreşde «waza-ari» hasaby bilen russiýaly Alina Çekmarewadan üstün çykyp, bürünç medal gazandy. Ildeşimiz russiýaly Sofiýa Ýarmantowiç bilen geçirilen ikinji bürünç medal ugrundaky tutluşykda ýeňiş gazanan Gruziýanyň wekili Maýa Gwaladze bilen bilelikde münberiň üçünji basgançagyna çykdy. Gruziýaly Nini Dzaganiýa kümüş medal eýeledi. 70 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyň ýeňijisi Lýusi Rulýe (Fransiýa) boldy.

Bu eýýäm halkara ýaryşlarynda Lebap welaýatyndan 16 ýaşly dzýudoçynyň gazanan ikinji medalydyr. Geçen hepde Oguljan Ruslanowa Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen «Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025» ýaryşynda bürünç medal eýeledi. «Millennium Team Cadet European Cup 2025» ýaryşynda iki gezek medal gazanan türkmenistanly türgen 10 ýaşyndan bäri dzýudo bilen meşgullanýar. Ol sportuň olimpiýa görnüşiniň tilsimlerini Gaýratjan Zarypowdan öwrenip başlady. Häzirki wagtda Aýna Zarypowanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.