Ï «Şagadam» futbol topary «Aşgabat» toparyny ýeňip, öňde barýan üçlüge ýakynlaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Şagadam» futbol topary «Aşgabat» toparyny ýeňip, öňde barýan üçlüge ýakynlaşdy

view-icon 1249
«Şagadam» futbol topary «Aşgabat» toparyny ýeňip, öňde barýan üçlüge ýakynlaşdy
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynda «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda utdy.

Duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde geçdi. Duşuşygyň ykbalyny Mekan Aşyrowyň 3-nji minutda salan pökgüsi çözdi. Tirkişmyrat Sarymyradow 67-nji minutda iki sany sary kartoçka görkezilip, oýundan çykarylandan soň, myhmanlar oýny azlykda tamamladylar. Bu toparlaryň arasyndaky birinji aýlaw duşuşygy-da «Şagadam» toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy – 3:2 hasabynda.

Dokuz duşuşykdan soň, 15 utuk toplan «Şagadam» topary öňde barýan üçlüge gaty ýakynlaşyp, ýaryşyň sanawynda üçünji orunda barýan «Altyn asyr» toparyndan bary-ýogy 1 utuk, ilkinji iki ýeri paýlaşýan «Arkadag» we «Ahal» toparlaryndan bolsa 3 utuk yza galýar. Şunlukda «Altyn asyr» bilen «Ahal» toparlary hersi 8 oýun, «Arkadag» topary bolsa alty oýun oýnady.

9-njy tapgyryň başga bir duşuşygynda paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary Marynyň «Merw» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykmak bilen, 2025-nji ýylda geçirilýän Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandy. Ýeňiş topuny goşmaça berlen wagtda, 92-nji minutda Baýramgeldi Gulmaýew tora girizdi. Bu duşuşygyň netijesi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyna ýedinji orunda barýan «Merw» toparyndan aratapawudyny 2 utuga çenli azaltmaga mümkinçilik berdi.

9-njy tapgyryň «Ahal» we «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky soňky jemleýji duşuşygy ýurdumyzyň çempionynyň AFK Çagyryş ligasynyň finalyna taýýarlanýandygy sebäpli, ätiýaçlyk günleriniň birine geçirildi.