Ï Türkmenistanda «Ýaşyl energiýa – ýagty geljek» atly bäsleşigi yglan edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Ýaşyl energiýa – ýagty geljek» atly bäsleşigi yglan edilýär

view-icon 1200
Türkmenistanda «Ýaşyl energiýa – ýagty geljek» atly bäsleşigi yglan edilýär

«Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti, «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde «ýaşyl» energiýa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmegiň ähmiýeti we Türkmenistanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanan neşirler üçin bäsleşik yglan edýärler. 

«Ýaşyl energiýa – ýagty geljek» atly bäsleşigi jemgyýetimiziň «ýaşyl» energiýa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmek hem-de energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini artdyrmak babatda habardarlygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir.

Bäsleşige gatnaşmak üçin üýtgeşik pikirleri, innowasiýa çemeleşmeleri we energiýa netijeliligini gazanmak üçin amaly çözgütleri beýan edýän makalalary ibermeli. Awtor özi hakynda (doly ady, öý salgysy, iş ýeri, telefon belgisi) doly maglumaty görkezmeli. Makalalary Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 58-nji jaýy salgydaky «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasyna ýa-da nebit-gazgazeti@oilgas.gov.tm elektron poçta ibermeli.

Bäsleşik ýylyň dowamynda dowam eder. Onuň jemi 25-nji dekabrda yglan ediler. Bäsleşige iberilen makalalara ýörite döredilen eminler topary tarapyndan baha berler. Iň gowy eserler «Nebit-gaz» gazetiniň, şeýle hem oilgas.gov.tm we ussatnews.com saýtynyň sahypalarynda «Ýaşyl energetika – ýagty gelejek» şygary bilen çap ediler. Maglumatlar üçin telefon: (+99312) 44-08-40.