Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymy «Okatmagy öwrenýäris – 2025» atly IV Halkara bäsleşiginiň baýrak eýesi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymy «Okatmagy öwrenýäris – 2025» atly IV Halkara bäsleşiginiň baýrak eýesi boldy

view-icon 1433
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymy «Okatmagy öwrenýäris – 2025» atly IV Halkara bäsleşiginiň baýrak eýesi boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň ýaş mugallymy Diýar Ygtyýarow GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaş mugallymlarynyň ylmy-usulyýet işläp taýýarlamalarynyň «Okatmagy öwrenýäris – 2025» atly IV Halkara bäsleşiginiň baýrak eýesi boldy.

Diýar Ygtyýarow abraýly halkara bäsleşiginde «Tebigy ylymlary okatmagyň döwrebap usullary» diýen tema boýunça ylmy işi bilen üstünlikli çykyş etdi. Şol iş aýratyn ünse mynasyp boldy hem-de eminleriň ýokary bahasyny aldy. Mugallymçylyk işini ösdürmekde we bu ugurda ylmy gazanylanlar üçin türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy bäsleşigiň Diplomy bilen sylaglandy.

Şu ýyl «Okatmagy öwrenýäris – 2025» Halkara bäsleşiginde Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň bilim edaralarynyň 64-sinden ýaş mugallymlaryň 130-dan gowrak ylmy işleri hödürlenildi.

Bäsleşik Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna aprel aýynyň soňky ongünlüginde geçirildi.

Mugallym işgärleri taýýarlamak boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň esasy guramasy bolan Moskwanyň mugallymçylyk döwlet uniwersiteti, Mugallymçylyk uniwersitetleriniň Ýewraziýa assosiasiýasy GDA ýurtlarynyň üznüksiz mugallymçylyk bilimi ulgamynyň Ýaş mugallymlar Geňeşiniň goldamagynda bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Bäsleşigiň geçirilmegi GDA ýurtlarynda üznüksiz mugallymçylyk bilimi ulgamynyň ýaş mugallymlarynyň ylmy-usulyýet taýdan kämilleşmegine we döredijilik taýdan ösmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.