Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» günleri geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» günleri geçirilýär

view-icon 2324
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» günleri geçirilýär

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» günlerini geçirmeklerini dowam edýärler.

«Açyk gapylar» günleri eýýäm, orta mekdepleriň uçurymlarynyň, harby gullukçylaryň, önümçiliklerde zähmet çekýän ýaş raýatlaryň hem-de okuwa girmäge gyzyklanma bildirýän beýleki ýaşlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde üstünlikli geçirildi. Olaryň geçirilendigi barada ozal habar berilipdi.

10-njy maýda 15:00-da bu çäräniň tapgyryny Türkmen döwlet maliýe instituty dowam edýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar institutyň düzümi, onda bakalawrlaryň we magistrleriň taýýarlyk ugurlary, okuw işleriniň, köpçülikleýin-medeni we sport çäreleriniň guralyşy, talyplaryň okuw hem-de umumy ýaşaýyş jaýlarynyň şertleri bilen giňişleýin tanyşdyrylar. Şeýle hem dalaşgärler muzeýe aýlanyp görüp, institutyň ösüş taryhy barada bilerler.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1987-nji köçesiniň 112-nji jaýy (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly). Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 49-88-52, 49-07-92, 49-63-09.

14-nji maýda 15:00-da Türkmen döwlet medeniýet instituty dalaşgärleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

Döredijilik ugurly ýokary okuw mekdebine geljekler fakultetleriň, kafedralaryň wekilleri bilen duşuşyp bilerler hem-de okuwa girmegiň ähli meseleleri boýunça hünär derejeli maslahatlary alyp bilerler. Ýaşlar üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän giň okuw otaglaryna, kitaphanalara, sport meýdançalaryna we oňaýly umumy ýaşaýyş jaýlaryna baryp görmek bilen institut boýunça tanyşdyryş gezelenji geçiriler.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň 114-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 48-11-30, 48-10-99.