Ï Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşde sebitleýin tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşde sebitleýin tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýär

view-icon 2546
Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşde sebitleýin tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýär

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow Aşgabatda geçen Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynda (HÜMAK-2025) çykyş edip, ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine çynlakaý garaýşyny bellemek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini nygtady.

Türkmenistan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýany (2019 ýyl) kabul etmek, Pariž ylalaşygy çäginde (2022 ýyl) Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC) tassyklamak we Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy (2023 ýyl) ýaly anyk çäreler arkaly bu meselä jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Ministr Aral deňziniň ykdysady we ekologiýa meselelerini çözmekde sebitleýin hyzmatdaşlyk meselelerine, şeýle hem çölleşmegiň we şor tozanynyň ýaýramagynyň zyýanly täsirini azaltmak üçin, bilelikdäki işleriň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistan milli tagallalaryň mysaly hökmünde giň gerimde – Bötendag belentliginiň töwereginde 20 müň gektar, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 10 müň gektar ýerde tokaýlaşdyrma işlerini amala aşyrýar.

Suw gorlaryny tygşytly peýdalanmak-da bu işiň möhüm tarapydyr. Ministr Aral deňziniň netijeleri, suw gorlary, çölleşme we buzluklaryň eremegi ýaly tebigy hadysalaryň biri-biri bilen baglanyşyklydygy sebäpli, sebit ýurtlary üçin umumy meseledigini bellemek bilen, olary, ilkinji nobatda, sebit derejesinde çözmegiň zerurdygyny aýtdy.

Çarygeldi Babanyýazow Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň bu ugurdaky tagallalaryň jemlenmegine we tejribe alyşmagyna möhüm goşant goşjakdygyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaýyşlarynyň, başlangyçlarynyň we güýçleriniň birleşdirilmeginiň kesgitlenen maksatlara ýetmäge saldamly goşant goşjakdygyna umyt bildirdi.