Ï «Arkadag» futbol topary 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynda yzygider ýedinji ýeňşini gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynda yzygider ýedinji ýeňşini gazandy

view-icon 1573
«Arkadag» futbol topary 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynda yzygider ýedinji ýeňşini gazandy
camera-icon
tff.com.tm

«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynda yzly-yzyna ýedinji ýeňşini gazandy. Wladimir Baýramowyň şägirtleri 14-nji tapgyryň wagty üýtgedilen duşuşygynda öz meýdançasynda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny ynamly utdy – 3:0 hasabynda. Bu, «Arkadag» toparynyň AFK Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Preah Han Riç Swaý Rieng» toparyny 2:1 hasabynda utanyndan soňky ilkinji duşuşygy boldy. 

Balkanabatda geçen birinji tapgyryň duşuşygynda Türkmenistanyň häzirki çempiony duşuşygyň 77-nji minudynda ýeke-täk ýeňiş topuny tora girizmek bilen, «Nebitçi» toparyny biraz kynçylyk bilen ýeňdi. Jogap duşuşygynda bolsa balkanabatly topar ýeterlik garşylyk görkezip bilmedi.

Hasaby 10-njy minutda Şamämmet Hydyrow açdy. 59-njy minutda bolsa Begenç Akmämmedow «Arkadag» toparynyň artykmaçlygyny ikä köpeltdi. Gutarnykly hasaby (3:0) bolsa 67-nji minutda Yhlas Saparmämmedow kesgitledi.

Bu duşuşykdan soň 21 utuk toplan «Arkadag» topary bu tapgyrda 3 oýny artyk oýnap, «Aşgabat» toparyny 4:0 hasabynda utan «Ahal» toparyndan 3 utuk yza galmak bilen, ýaryşyň sanawynda ikinji ýeri eýeledi.

Türkmenbaşynyň 21 utuk gazanan «Şagadam» topary-da üçünji ýeri eýeledi. Ol myhmançylykda paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş topuny 40-njy minutda Ruslan Priýew tora girizdi.

Bu tapgyrda öz meýdançasynda Marynyň «Merw» toparyny 2:0 hasabynda utan paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary bolsa ilkinji üçlükden 2 utuk yza galýar.

Bu duşuşyklardan soň iň köp pökgi salanlaryň arasynda ýene-de 6 pökgi geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») öňde barýar. Begenç Akmämmedow, Yhlas Saparmämmedow we Meýlis Diniýew («Ahal») ondan bir pökgi yza galýarlar. Altymyrat Annadurdyýewiň («Arkadag»), Abdyresul Abdyýewiň («Merw») we Zafar Babajanowyň («Altyn asyr») hersi garşydaşlaryna 4 pökgi geçirdiler. Mekan Aşyrow («Şagadam»), Bäşim Gurbanberdiýew («Aşgabat») we Daýanç Meredow («Ahal») hersi 3 pökgi geçirdiler. Gurban Annaýew, Elman Tagaýew (ikisi hem «Ahal»), Myrat Annaýew, Süleýman Muhadow, Selim Nurmyradow (üçüsi hem «Altyn asyr»), Meýlis Gaýlyýew, Pirmyrat Soltanow (ikisi hem «Aşgabat»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Şanazar Tirkişow («Arkadag») her biri garşydaşlarynyň derwezesine 2 pökgi saldylar.

2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň indiki, 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary öňümizdäki dynç günleri geçiriler: 17-nji maýda «Aşgabat» – «Köpetdag», «Şagadam» – «Arkadag», «Merw» – «Nebitçi» toparlary duşuşar, 18-nji maýda bolsa «Altyn asyr» topary öz meýdançasynda «Ahal» toparyny kabul eder.