5-nji maýdan 10-njy maýy aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny gurady.
Usulyýet okuwlary institutyň mugallymlary tarapyndan iňlis dilinde geçirildi. Angliýanyň Norwiç dil bilimi institutynyň (NILE) geňeşçisi, professor Wendi Koulson, şeýle hem Wýetnamyň Hoşimin daşary ýurt dilleri we maglumat tehnologiýalary uniwersitetiniň Ylmy-barlag we okuw-usulyýet institutynyň direktory, professor Nguýen Ngok Wu sanly ulgam arkaly okuwlary geçirmäge çagyryldy.
Iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen usulyýet okuwlary grammatika, sözleýiş medeniýeti we daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirkizaman usulyýeti boýunça umumy ylmy maglumatlar esasynda geçirildi.
Hünär ýokarlandyryş okuwlary mugallymlara okatmagyň öňdebaryjy usullary barada bilimlerini çuňlaşdyrmaga hem-de şol bilimleri iş ýüzünde berkitmäge mümkinçilik berdi, şeýle hem köp babatda mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmäge ýardam etdi.