Ï Türkmenistanyň wekiliýeti GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşýar

view-icon 2113
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» atly döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşýar. Forum 14-nji maýda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda öz işine başlady.

Günüň birinji ýarymynda umumy mejlis geçirilip, onda GDA gatnaşyjy döwletleriň wekilleri, şol sanda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory B.Gutlymyradow hem gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Forum «Arkalaşygyň halklarynyň Beýik Ýeňşe goşandy» diýen tema boýunça maslahat bilen dowam etdi. Onuň barşynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylym bölüminiň müdiri M.Hojagulyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň görkezen edermenligi we gahrymançylygy hem-de türkmenistanlylaryň Beýik Ýeňşi gazanmaga goşan ägirt uly goşandy barada gürrüň berdi.

Şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekili Bitarap Türkmenistanyň ähli ýurtlar, şol sanda GDA döwletleri bilen hem parahatçylygy pugtalandyrmaga we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ýörelgesi barada beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda ylym we bilim ulgamyndaky halkara gatnaşyklara, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan giň gerimli işlerine aýratyn üns berildi.

Türkmen wekiliýetiniň Duşenbä saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň gaznasyna gowşuryldy.