Ï Türkmenistanda 2025-nji ýylyň Futbol kubogy başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň Futbol kubogy başlandy

view-icon 1326
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň Futbol kubogy başlandy

Türkmenistanyň Futbol kubogynyň 34-nji ýaryşy Arkadag şäherinde we Türkmenbaşyda geçen iki sany çärýek final oýny bilen başlandy.

Bu ýyl ähmiýeti boýunça ikinji klub baýragy ugrunda ýokary liganyň 8 topary bäsleşýär. Olaryň üçüsi – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagta, balkanabatly «Nebitçi» we türkmenbaşyly «Şagadam» Balkan welaýatyna, «Merw» Mary welaýatyna, «Ahal» Ahal welaýatyna, Türkmenistanyň häzirki çempiony we kubogynyň eýesi «Arkadag» topary bolsa adybir döwlet ähmiýetli şähere degişlidir.

2025-nji ýyl Türkmenistan kubogynda ilkinji top Arkadag şäherindäki stadionda tora girizildi. Şonda ýerli topar Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny kabul edipdi. Ony 28-nji minutda sag gapdaldan top urlandan soň, garşydaşyň jerime meýdançasynda duran beýleki oýunçylardan has çalt hereket eden meýdança eýelerinden oýunçy Begenç Akmämmedow tora girizdi.

Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 2-nji minudynda Şanazar Tirkişow «Arkadag» toparynyň üstünligini artdyrdy. Arakesmeden soň bolsa Wladimir Baýramowyň şägirtleri Altymyrat Annadurdyýew (50-nji minut), Şamämmet Haýdarow (51-nji), Didar Durdyýew (74-nji) we Bagtyýar Agabaýew (90-njy) dagy «Nebitçi» toparyna garşy ýene dört gol geçirdiler.

Ilkinji çärýek final oýnunda «Nebitçi» toparyny uly ýeňlişe (6:0) sezewar eden «Arkadag» toparynyň futbolçylary, Balkanabatda geçjek jogap oýnundan öň ýarym finala çykmaga islegleriniň güýçlüdigini bildirdiler.

Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» bilen Mary welaýatynyň «Merw» toparynyň arasynda geçirilen başga bir çärýek final oýnunda ýeňijini kesgitlemek mümkin bolmady. Toparlar deňme-deň oýnady – 0:0.

2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogynda ýarym finala çykjak beýleki iki topar «Altyn asyr» – «Aşgabat», «Ahal» – «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky oýunlarda kesgitlener.

Çärýek finalyň we ýarym finalyň ýeňijileri iki oýnuň netijelerine görä kesgitlener.

Futbol boýunça 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň jogap oýunlary 17-18-nji iýunda geçiriler.