Ï Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli surat bäsleşigini geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli surat bäsleşigini geçirýär

view-icon 1026
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli surat bäsleşigini geçirýär

A.Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasy Arkadag şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Arkadag şäheri – ýaşlygyň we gözelligiň şäheri» atly surat bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşik her ýylyň 1-nji iýunynda bellenýän Çagalary goramagyň halkara gününe, şeýle hem Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmeginiň iki ýyllygyna gabatlanyp geçirilýär. Bäsleşik mekdep okuwçylarynyň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, şeýle hem Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklaryny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Döredijilik bäsleşigi 30-njy maýda Arkadag şäherinde ýerleşýän A.Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmaga Arkadag şäherindäki orta mekdepleriň 5-8-nji synp okuwçylary çagyrylýar. Oňa her mekdepden iki okuwçy gatnaşyp biler. Mekdep okuwçylarynyň çekjek suratlarynda Arkadag şäheriniň binagärlik özboluşlylygy we gözelligi görkezilmelidir. Bäsdeşlere öz pikirlerini durmuşa geçirmek üçin iki sagat wagt berilýär. Olaryň ýanynda ähli zerur zatlar bolmalydyr. Bäsleşige gatnaşýanlar baradaky maglumatlary (okuwçynyň adyny, familiýasyny we atasynyň adyny, mekdep hem synp belgilerini, jogapkär mugallymy, şeýle hem onuň telefon belgisini we elektron poçta salgysyny görkezmek bilen) bolmalysy ýaly ýazylyp, 2025-nji ýylyň 28-nji maýyna çenli haa.yashlar@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli.

A.Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bäsleşige gatnaşýanlaryň işlerine baha berjek emin toparyny döreder. Şol topar-da bäsdeşleriň işlerine baha berer. Ýeňijiler diplomlar we baýraklar bilen sylaglanar. Goşmaça soraglar üçin +99365969287 belgä jaň edip bilersiňiz.