Ï Türkmenistanly ýaşlar Duşenbede halkara Ýaşlar forumyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly ýaşlar Duşenbede halkara Ýaşlar forumyna gatnaşdy

view-icon 1912
Türkmenistanly ýaşlar Duşenbede halkara Ýaşlar forumyna gatnaşdy

21-24-nji maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Pars Aýlagynyň arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza döwletleriň gatnaşmagynda halkara Ýaşlar forumy geçýär.

Forum gatnaşyjy ýurtlaryň 100-den gowrak wekillerini bir ýere jemledi. Forumda Türkmenistana düzümine Bilim ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, “Türkmenistan” gazetiniň işgärleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary giren wekiliýetiň agzalary wekilçilik edýär.

Çäre sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem durnukly ösüşe ýaşlaryň goşandyny giňeltmäge gönükdirilendir.

Forumda Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, ýaş alymlar, maglumat tehnologiýalar ulgamynyň hünärmenleri, medeniýet işgärleri, meýletinçi talyplar hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri halkara hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarynda öz garaýyşlaryny, başlangyçlaryny we tejribelerini işjeň paýlaşýarlar.

Forumyň çäklerinde innowasiýalar, ýaşlaryň telekeçiligi, ekologiýa, bilim, sport, medeniýet, ýaşlar diplomatiýasy, meýletinçilik we media ýaly ugurlara bagyşlanan çäreler geçirilýär. Şeýle çäreleriň hatarynda sergiler, sport ýaryşlary, IT taslamalaryň tanyşdyrmalary, aýdym-sazly konsertler we beýlekiler bar.

Forumyň netijeleri boýunça Duşenbe jarnamasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmen ýaşlarynyň şeýle halkara forumlara yzygidrli gatnaşmagy ýaşlaryň mümkinçilikleriniň açylmagyna hem-de parahatçylykly we durnukly ösüşe gönükdirilen başlangyçlaryň öňe ilerledilmegine ýardam edýär.