Ï Daşoguz welaýatynda 19 müň uçurym üçin soňky mekdep jaňy ýaňlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda 19 müň uçurym üçin soňky mekdep jaňy ýaňlanar

view-icon 3914
Daşoguz welaýatynda 19 müň uçurym üçin soňky mekdep jaňy ýaňlanar

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda on dokuz müňden gowrak oglan-gyz mekdebi tamamlaýar. Asylly däbe görä, bu ýerde olar üçin “Soňky jaňa” bagyşlanan çärelerdir dabaralar geçiriler.

Okuw ýyllarynyň dowamynda uçurymlar geljekki hünärlerini saýlamagy köp babatda kesgitläp biljek dürli ugurly bilim aldylar. Häzirki wagtda welaýatda ýokary bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleri bolan umumy bilim edaralarynyň giň ulgamy bar. Bu ýerde 530 sany umumy bilim berýän orta mekdep, şol sanda daşary ýurt dillerini çuňňur öwredýän onlarça ýöriteleşdirilen mekdep üstünlikli iş alyp barýar.

Umumy bilim edaralarynyň ep-esli bölegi soňky ýyllarda gurlan häzirki zaman täze binalardyr. Bu binalarda mugallymlar we okuwçylar üçin döredilen şertlere Daşoguz şäherindäki täze ýaşaýyş jaý toplumynda ýaňy-ýakynda gurlan 37-nji umumy bilim berýän orta mekdebiň mysalynda baha bermek bolar. Ol üç ýarym gektar meýdany eýeleýär we 600 okuwçy üçin niýetlenipdir. Mekdebiň birinji gatynda synp otaglaryndan başga-da, kitaphana, sport zaly, naharhana hem-de okuwçylaryň zähmet bilen meşgullanmagy üçin otaglar bar. Ikinji gatda synp otaglaryndan we edara otaglaryndan başga-da şekillendiriş we aýdym-saz, informatika, daşary ýurt dillerini öwretmek üçin lingafon otaglary we uly ekranda dürli wideofilmleri görkezmek mümkinçiligi bolan mejlisler zaly bar.

Sebitde häzirki zaman mekdepleriniň gurluşygy dowam edýär. Häzirki wagtda Köneürgenç etrabynyň Taze ýol geňeşliginiň çäginde gurulýan täze döwrebap obada 420 okuwça niýetlenen başga bir umumy bilim berýän mekdebiň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Ýakyn wagtda Daşogzuň özünde ýene bir mekdebiň gurluşygy başlanar. Öňümizdäki ýyllarda welaýatda ýene-de birnäçe häzirki zaman umumy bilim edaralaryny gurmak meýilleşdirilýär.