27-28-nji maýda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde döwlet edaralary bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary täze tehnologiýalary ulanmak arkaly berkitmäge gönükdirilen okuw geçirildi.
Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we müdirlikleriniň wekilleri, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdy. Çagyrylan halkara bilermenler – professor, ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça Wekilhanasynyň uly geňeşçisi Gido Kel we strategik aragatnaşyklar boýunça bilermeni Žiwile Nawitskaýte-Babkin (Litwa) döwlet edaralarynyň metbugat gulluklarynyň tejribeleri, başarnyklary we häzirki zamanda işi sanly gurallary ulanmak bilen alyp baryşlary barada gürrüň berdiler.
Döwlet edaralarynyň metbugat gulluklary tarapyndan ulanylýan täze tehnologiýalar, halk we habar beriş serişdeleri bilen sowatlydan täsirli gatnaşyga gönükdirilendir. Maslahatda wajyp metbugat beýanatlaryň döredilmegi, köpçüligiň öňünde çykyş etmegiň düzgünleri, korporatiw redaksiýa düşünjeleri we täsirli aragatnaşyk ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Multimodal aragatnaşygyň barha artýan orny, ýagny maglumat geçirmek üçin dürli formatlaryň we kanallaryň ulanylmagy aýratyn nygtaldy. Muňa tekst, suratlar, wideo, ses we interaktiw ýerlikler girýär. Bu çemeleşmäniň maksady habarlary niýetlenen ulanyjynyň isleglerine laýyklaşdyryp, giň tomaşaçylary özüne çekmek bilen, täsirli gatnaşygy üpjün etmekdir.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy, ilçi Jon MakGregor Türkmenistan hökümeti bilen köp ýyldan bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň üstünliklerini nygtady. Ol Türkmenistanyň ähli döwlet edaralarynyň ilat üçin esasy maglumat çeşmesi bolan resmi web saýtlaryny ýöredýän şertlerinde has möhüm bolan metbugat gullugynyň işgärleriniň we milli habar beriş serişdeleriniň hünär derejelerini has-da ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan bu hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.