«Halkara indeksirlenýän ylmy žurnallaryň impakt-ýagdaýy (IÝ ýa-da IF)» diýen tema boýunça geçirilen okuw-usulyýet onlaýn okuw maslahaty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny bir ýere jemledi.
Okuw maslahatyň çäklerinde ylmy makalalaryň düzümine we mazmunyna, maglumatlaryň halkara ylmy binýatlarynyň talaplaryna, şeýle hem ylmy netijeleri resmileşdirmäge we hödürlemäge döwrebap çemeleşmelere degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Indeksirlenýän neşirlerde işleriň çap edilişiniň işjeňligine, akademiki ahlak kadalarynyň berjaý edilmeginiň möhümdigine hem-de ylmy işler taýýarlanylanda sanly gurallaryň ulanylyşyna aýratyn üns berildi. 
Çärä gatnaşyjylar impakt-ýagdaýa – ylmy žurnallara salgylanylyşynyň görkezijisiniň sanyna degişli meselä giňişleýin garadylar, ol ylmy jemgyýetçilikde onuň ähmiýetini we täsirini şöhlelendirýär. Impakt-ýagdaýy ýokary bolan žurnallar has abraýly hasaplanylýar.
Çäre mugallymlaryň, esasy ylmy işgärleriň arasynda işjeň tejribe alyşmak, ylmy neşirleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara abraýyny berkitmek maksady bilen geçirildi.
Okuw maslahat Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan «Ýurduň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek babatda geçirilýän işleri kämilleşdirmek, makalalary halkara ylmy-tehniki neşirlerde, maglumat çeşmelerinde (platformalarda) we dürli bibliometrik görkezijilere degişli konsepsiýalary kämilleşdirmek üçin indeksirlenilýän žurnallarda çap etmek boýunça okuw-usulyýet maslahatlaryny we okuw maslahatlary geçirmegiň düzgünnamasyna» laýyklykda guraldy.