Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri «Birleşen Milletler Guramasynyň Daşkent halkara nusgasy» atly (TIMUN-2025) halkara maslahatyna gatnaşdylar. BMG-niň nusgasy boýunça merkezi Aziýadaky iri forumlaryň biri bolan bu çäre 23–25-nji maýy aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýerleşýän Halkara Wetsminster uniwersiteti tarapyndan guraldy.
Maslahatda Türkmenistana halkara hukugy fakultetiniň talyby Nurmyrat Azadow, halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Atajan Orazlyýew, Mekan Azadow hem-de halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwrenişi kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewa wekilçilik etdiler.

Maslahat BMG-niň nusgasyny öwrenmek, diplomatik we öňbaşçy başarnyklary ösdürmek, şeýle hem adalat meselelerini öňe ilerletmek üçin bütin dünýäden 400-den gowrak ýaşlary bir ýere jemledi.
«TIMUN» diňe bir BMG hakda öwrenmegiň meşhur usuly bolman, eýsem, ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we çözmek üçin hem meýdança. Ol gatnaşyjylara özleriniň dürli wezipelerde çykyş etmeklerine, gepleşiklere gatnaşmaklaryna, köpçüligiň öňünde çykyş etmek başarnyklaryny hem-de öňbaşçy häsiýetlerini ösdürmäge, şeýle hem dünýädäki häzirki meselelere çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.
Şu ýyl hem maslahat ýaşlaryň pikir alyşýan, degişli meseler boýunça maslahatlaşýan we ählumumy wezipeleriň öwrenilýän ýerine öwrüldi. Çäräniň dowamynda BMG-niň komitetiniň işini modellirlemek, oýlanşykly we iş maslahatlaryny geçirmek başarnyklaryny ösdürmek, möhüm çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek boýunça tanyşdyrmalar görkezildi.
Maslahat wajyp halkara we sebit meselelerini düýpli öwrenmäge ýardam edip, ýaşlara diplomatik başarnyklaryny, gepleşikleri sowatly we netijeli alyp barmak, halkara gatnaşyklarynda oňyn gepleşikleri guramak we gollamak ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berdi.
Halkara maslahaty «Bilelikde geljegiň bähbidine, bilelikde ýaşlar bilen» şygary astynda geçip ählumumy dünýäni gurmakda hem-de durnukly we abadan geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň eýeleýän uly ornuny nobatdaky gezek ýüze çykardy.