Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde onlaýn halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde onlaýn halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

view-icon 1847
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde onlaýn halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

29-30-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ylymlar gününe hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanylan «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň orny» atly onlaýn halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. 

Foruma Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Saud Arabystanynyň, Beýik Britaniýanyň we Bangladeşiň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 80-den gowragyndan professorlaryň, mugallymlaryň, ylmy işgärleriň, alymlaryň, doktorantlaryň, aspirantlaryň 300-den gowragy gatnaşdy. 

Halkara maslahatyň açylyş dabarasyndaky çykyşlarda soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamynda Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli berkeýändigi hem-de üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Bitarap Türkmenistanyň bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamynda alyp barýan giň gerimli işleriniň hyzmatdaş ýurtlar bilen gatnaşyklaryň berk binýadyny kemala getirýändigi nygtaldy. 

Forumyň umumy mejlisiniň dowamynda türkmen we daşary ýurt alymlary, professorlary we mugallymlary özleriniň wekilçilik edýän ýokary okuw mekdeplerindäki hem-de ylym-bilim merkezlerindäki ylmy-barlag işleri, şeýle hem durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde önümçilik bilen ylmyň özara baglanyşygynyň orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Soňra çärä gatnaşyjylar dürli ulgamlarda öz ylmy barlaglarynyň üstünliklerini we netijelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar. 

30-njy maýda halkara ylmy-amaly maslahat dört bölümçede öz işini dowam etdi. 

Birinji bölümçede oňa gatnaşyjylar biohimiýa we nanotehnologiýalaryň ösüşi we olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, daşky gurşawy goramak meseleleri, şeýle hem tebigy ylymlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary ýaly meselelere garadylar.

Ikinji bölümçede matematika, fizika we astronomiýa ulgamlaryndaky ylmy barlaglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sanly bilim, maglumat ulgamlar, kompýuter tehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we ykdysadyýetiň pudaklaryna emel aňyň ornaşdyrylmagy barada gürrüň edildi. 

Üçünji bölümçe ynsanperwer ylymlara, taryhyň, sosiologiýanyň, filosofiýanyň, psihologiýanyň we pedagogikanyň, hukuk öwrenişiň döwrebap ösüşine bagyşlandy. 

Dördünji bölümçe «Filologiýa meseleleri: türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýaty öwrenmegiň we okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti» diýen tema boýunça geçdi. 

Maslahatyň bölümçelerdäki işiniň dowamynda professorlar, alymlar, ylmy işgärler, doktorantlar we aspirantlar mazmunly ylmy işleri bilen çykyş etdiler, medeni-ynsanperwer meseleler boýunça tejribe we pikir alyşdylar. 

Foruma gatnaşyjylar üçin Magtymguly adyndaky TDU-da sergi guraldy. Onda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň kitaplary, şeýle hem ýokary okuw mekdebiň professorlary, mugallymlary, alymlary tarapyndan taýýarlanylan hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürdäki beýik gazananlaryny beýan edýän monografiýalar, okuw gollanmalar, ylmy taslamalar görkezildi. Şonuň ýaly-da, sergide amaly-haşam sungatynyň eserleri beýanyny tapdy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar toparynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.