Ï «Köpetdag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligini saklaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Köpetdag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligini saklaýar

view-icon 1463
«Köpetdag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligini saklaýar

Aşgabadyň «Köpetdag» topary ýakyn bäsdeşi «Ahal» toparyndan 5 utuk öňe saýlanyp, Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligini ynamly dowam etdirýär. Bu Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilen 9-njy tapgyryň netijelerinden soň şeýle boldy.

Türkmenistanyň häzirki çempiony Parahat Garaýewiň tälim berýän topary – «Köpetdag» topary bu tapgyrda «Migrasiýa» toparyny 9:2 hasabynda utdy. «Ahal» topary TNGIZT toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Ýurduň öňki çempiony «Deňizçi» topary bolsa çekeleşikli oýunda «Senagatbank» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Ikinji aýlawyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda «Köpetdag» topary 21, «Ahal» topary bolsa 16 utuk gazandylar.

«Senagatbank» we «Deňizçi» toparlary 13 utuk bilen 3-4-nji orny paýlaşýarlar. «Migrasiýa» topary olardan 3 utuk yzda. TNGIZT topary 6 utuk bilen ýaryşyň soňunda ýerleşdi.