Ï «Altyn asyr» topary utuk sany boýunça «Ahal» topary bilen deňleşdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» topary utuk sany boýunça «Ahal» topary bilen deňleşdi

view-icon 2014
«Altyn asyr» topary utuk sany boýunça «Ahal» topary bilen deňleşdi
camera-icon
tff.com.tm

Ýokary liga toparlarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyry Aşgabatda we Balkanabatda bolan iki duşuşyk bilen tamamlandy.

Balkanabatdaky duşuşyk ilki tamamlandy, onda ýerli «Nebitçi» topary oýnuň her ýarymynda bir top geçirip, «Aşgabat» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýelerinden Serdar Tükiýew (43-nji minut) we Baýramgeldi Nurlyýew (71-nji) dagy tapawutlandy.

Bu ýeňişden soň, 12 utuk toplan «Nebitçi» topary bir oýny az oýnan «Aşgabat» toparyny altynjy orna düşürmek bilen, özi bäşinji orna çykdy.

Başga bir – paýtagtly iki toparyň duşuşygynda «Altyn asyr» topary garşydaşynyň meýdançasynda «Köpetdag» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňen tarapdan Röwşengeldi Halmämmedow (41-nji), Selim Nurmyradow (59-njy) we Rahman Myratberdiýew (71-nji) dagy tapawutlandy. Ýeňlen tarapdan Didar Didarow (45-nji) bir topy tora girizdi.

Bu ýeňiş «Altyn asyr» toparyna öz meýdançasynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan «Ahal» topary bilen utuk boýunça deňleşmäge mümkinçilik berdi. Oýnalan 12 oýundan soň «Altyn asyr» we «Ahal» toparlary bir gün öňýany myhmançylykda Mary welaýatynyň «Merw» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykan «Arkadag» toparyndan 5 utuk yza galmak bilen, 2-3-nji orunlary paýlaşýarlar.

«Köpetdag» topary barada aýdylanda bolsa, ol onunjy ýeňlişe sezewar bolup, 5 utuk bilen sanawyň iň soňky hataryny eýeleýär.

Iň köp top salanlaryň arasynda öňdeligi «Arkadag» toparynyň hersi 7 gol salan hüjümçileri Altymyrat Annadurdyýew we Didar Durdyýew dagy elde saklaýar. Olar topardaşlary Begenç Akmämmedowdan 1, Yhlas Saparmämmedowdan («Arkadag») we Meýlis Diniýewden («Ahal») 2 gol artyk salypdyrlar. Abdyresul Abdyýewiň («Merw») we Zafar Babajanowyň («Altyn asyr») hersiniň hasabynda 4 top bar. Mekan Aşyrow, Yhlas Magtymow (ikisi-de «Şagadam» toparyndan), Bäşim Gurbanberdiýew («Aşgabat»), Daýanç Meredow («Ahal») we Selim Nurmyradow («Altyn asyr») dagynyň hersi garşydaş derwezä 3 top geçiripdir.

Bu duşuşyklardan soň milli ýygyndy toparynyň 10-njy iýunda Aşgabatda Taýlandyň topary bilen geçiriljek 2027 Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin, Türkmenistanyň futbol çempionatynda iki hepdelik arakesme bolar.