Ï Mal keselleriniň öňüni almak, olara epidemiologik gözegçilik etmek we gözegçiligi ýola goýmak boýunça hünärmenler üçin okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mal keselleriniň öňüni almak, olara epidemiologik gözegçilik etmek we gözegçiligi ýola goýmak boýunça hünärmenler üçin okuw geçirildi

view-icon 1120
Mal keselleriniň öňüni almak, olara epidemiologik gözegçilik etmek we gözegçiligi ýola goýmak boýunça hünärmenler üçin okuw geçirildi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde maldan geçýän keselleriň öňüni almak, olara epidemiologik gözegçilik etmek we gözegçiligi ýola goýmak boýunça milli hünärmenler üçin bäş günlük okuw geçirdi.

Bu gysga möhletli okuwy tamamlanlar geljekde sebit, etrap we şäher derejesinde saglygy goraýyş işgärleri, mal lukmanlary we jemgyýet saglygyny goraýyş pudagynyň hünärmenleri üçin okuwlary geçirerler. Bu okuw maldan geçýän ýokançlaryň öňüni almak we olary garaw astynda saklamak, epidemiologik gözegçilik hem ir wagtda ýüze çykarmak ýörelgelerini-de goşmak bilen, «Ýeke-täk saglyk» düşünjesiniň çäginde pudagara hyzmatdaşlyk baradaky köp sanly mowzugy öz içine aldy.

Okuwy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri, mal lukmançylygy hyzmatlary we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň hünärmeni Natalýa Pşeniçnaýa geçirdi.

Okuwyň dowamynda milli hyzmatdaşlar bilen maldan geçýän kesellere gözegçilik etmegi has-da güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.