Ï Aşgabatda Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

view-icon 916
Aşgabatda Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Paýtagtymyzda Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli «Azady – ylym we paýhas ummany» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Çäre ýurdumyzyň beýik akyldaryň, alymyň we şahyryň adyny buýsanç bilen göterýän öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi.

Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň medeniýet, ylym we bilim meseleleri baradaky işleri boýunça (ÝUNESKO) Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, wekilleri gatnaşdylar.

Alymlaryň çykyşlarynda gymmatly we täsin edebi mirasy dünýä bagyş eden Döwletmämmet Azadynyň döredijiligini çuňňur seljermek, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berildi.

Çykyşlarda Azadynyň parasatly we filosofik pikirleriniň uly ähmiýeti hem-de mizemez gymmatlygy ençeme gezek nygtaldy. Şol pikirler ýüzýyllyklar geçse-de, möhümligini ýitirmän, häzirki günde-de diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin adamzat üçin hem, parasatlylygyň, bilimleriň we ylhamyň egsilmez çeşmesi bolup durýar.