Dagoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň dolandyryş merkeziniň «10 ýyl abadançylyk» köçesinde ýerleşýän häzirki zaman «Galkynyş eýýamy» dynç alyş seýilgähi çagalar üçin iň arzyly ýerleriň biridir. Ol 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça, «Ýurduň iň gowy etraby» diýen bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde döwlet tarapyndan berlen bir million ABŞ dollary möçberinde baýragyň hasabyna guruldy.
Seýilgähde dürli ýaşdaky çagalara niýetlenen her hili gyzykly attraksionlar gurlupdyr. Kiçi ýaşly çagalary «Okara», «Atlar» aýlampaçlary özüne çekýän bolsa, biraz ulurak çagalar «Zynjyr», «Awtodrom» we beýleki gözel ýerlerde wagtlaryny hoş geçirýärler. Şeýle hem çagalar «Agaç gämi» oýun meýdançasynda gurlan dyrmaşma attraksionynda hezil edip, öz çakganlyklaryny we başarnyklaryny görkezip bilerler, ýel berlen batutlarda, zynjyrly aýlampaçda pyrlanyp ýa-da elektrikli gezelenç otlusynda seýilgähde aýlanyp bilerler. Olar, şeýle hem ene-atalary bilen bag-bakja bürenen ýodalarda gezelenç edip, gözenekli telär astynda we owadan bezeg oturgyçlarynda dynç alyp bilerler.
Seýilgähde kiçijek elektrikli awtoulaglary sürmek, dürli süýjüleri we içgileri satyn almak-da bolýar. Bu ýere dynç almak we güýmenmek üçin Daşoguzdan-da çagalaryň gelýändigi seýilgähiň meşhurlygyndan habar berýär. Tomusky dynç alyş möwsümi çagalaryň guramaçylykly dynç alyş wagtydyr. Bu döwürde welaýatyň ýaş nesli ýurduň ajaýyp ýerlerinde, şol sanda Gökderede we Awazada ýerleşýän dürli çagalar saglyk merkezlerinde saglyklaryna peýdaly dynç alyp bilerler.
Welaýatdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi hem çagalaryň arasynda gaty meşhur. Ol 300 çaga niýetlenendir we ösen infrastrukturaly hakyky şäherçe bolmak bilen, edara binasyndan başga-da ýatyş binalaryny, naharhanany, oýun awtomatlary bilen enjamlaşdyrylan dynç alyş merkezini, howuzlardyr amfiteatry, lukmançylyk nokadyny, sport we oýun meýdançalaryny öz içine alýar.
Welaýatyň dolandyryş merkezinde we sebitiň köp etraplarynda çagalar üçin oýun awtomatly we attraksionly dürli hususy söwda we güýmenje merkezleri bar.