Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti 1-nji iýundan bäri Awstriýanyň Gras Tehniki uniwersitetinde iş saparynda bolýar.
Wekiliýetiň düzüminde uniwersitetiň kiberfizika ulgamlary fakultetiniň mugallymlary Süleýman Nökerow, Perman Hojagulyýew hem-de talyplar Çynar Seýtekowa we Merdanmuhammet Ýaranow dagy bar.
Saparyň maksady bilelikdäki ylmy-barlag işlerine baha bermekden, şeýle hem Awstriýa Respublikasynyň Gras Tehniki uniwersitetiniň elektrotehnika we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Elektronika instituty bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Gras Tehniki uniwersiteti inženerçilik we tehnologiýalar, tebigy, takyk hem-de biolukmançylyk ulgamynda Awstriýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Bu ýokary okuw mekdep QS halkara reýtinginiň hasaplamalary boýunça dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň hataryna girýär.
Türkmen wekiliýeti Awstriýanyň ýokary okuw mekdebinde bolmagynyň barşynda bu iki hyzmatdaş uniwersitetlerde geçirilýän barlaglary ara alyp maslahatlaşmak üçin Gras Tehniki uniwersitetiniň elektrotehnika we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Elektronika institutynyň ylmy barlagçylary bilen duşuşdy.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Elektronika institutynyň, Aragatnaşyk torlary we hemra aragatnaşygy institutynyň, Gras Tehniki uniwersitetiniň elektrotehnika we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň kiçi tolkunlar we foton inženeriýasy institutyna baryp gördüler. Şolarda iki ýokary okuw mekdebiň hünärmenleriniň arasynda geljekki bilelikdäki ylmy-barlag işleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Gras uniwersitetiniň Elektronika institutynyň mugallymlary we talyplary ýakyn aralykda elektrik we magnit meýdanlaryny ölçemek üçin gurnamalary işläp taýýarlamak, dürli geometrik şekilleriň elektron enjamlarynyň çykarýan elektromagnit şöhlelenmelerini ölçemek, şeýle hem antennalaryň taslamasyny düzmek hem-de bu ulgamdaky ölçemeler bilen baglanyşykly birnäçe ugurlar boýunça ylmy barlaglary geçirerler.
Türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň ýokary okuw mekdebine sapary 12-nji iýuna çenli dowam eder.