Ï Türkmenistan Melburnda CDIO 2025 Halkara maslahatyna wekilçilik edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Melburnda CDIO 2025 Halkara maslahatyna wekilçilik edýär

view-icon 427
Türkmenistan Melburnda CDIO 2025 Halkara maslahatyna wekilçilik edýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Monaşa uniwersitetinde 1–5-nji iýun aralygynda geçirilýän CDIO 2025 Halkara maslahatyna gatnaşýar.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň uly mugallymy Döwletmyrat Porrykow, «Mehatronika we robottehnikasy» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa hem-de kiberfizika ulgamlary fakultetiniň «Häzirki zaman tehnologiýalarynyň fizikasy» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nurjemal Baýramowa girýärler. 

CDIO maslahaty inženerçilik bilimi ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan mugallymlary, ylmy barlagçylary, alymlary, talyplary bir ýere jemledi.

CDIO – innowasion inženerçilik bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygyň bütindünýä tory bolup, inženerleriň täze neslini taýýarlamaga gönükdirilendir. Ol bütin dünýä boýunça 200-den gowrak ýokary okuw mekdepleri özünde jemleýär. CDIO başlangyjy (Conceive – Design – Implement – Operate) bilim maksatnamasy görnüşinde bolup, onuň esasynda talyplaryň halkara bazarynda anyk ulgamlary, işleri we önümleri «Meýilleşdirmek – Taslamasyny düzmek – Öndürmek – Ulanmak» nusgasyna laýyklykda inženerçilik hünärini özleşdirmeklerini gazanmak wezipesi durýar. 

Iri halkara forumy geçirmek üçin meýdança bolan Monaşa uniwersiteti 2023-nji ýyldan bäri CDIO başlangyjynyň agzasy bolup durýar. Awstraliýanyň ýokary okuw mekdebi oňa goşulanyndan bäri, CDIO-nyň ähli halkara maslahatlaryna yzygiderli gatnaşyp, ählumumy hyzmatdaşlyk we innowasiýalar arkaly inženerçilik biliminiň kämilleşdirilmegine özüniň ygrarlydygyny görkezýär. 

Halkara çärede Türkmenistandan çykyş edip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýetiniň topary öz ylmy işlerini görkezýär hem-de CDIO-nyň giň akademik jemgyýetçiligi bilen bilelikde forumyň işine işjeň gatnaşýar. 

Türkmen wekiliýetiniň maslahata gatnaşmagy, ilkinji nobatda, ýokary okuw mekdebiniň okuw maksatnamalaryny halkara ölçeglerine laýyk getirmäge hem-de taslama düzmäge gönükdirilen okuwlary öňe ilerletmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň topary bu çärä gatnaşmagy netijesinde gymmatly bilimlere we tejribelere eýe boldy. Şol bilim-tejribeler CDIO-nyň ýörelgelerini uniwersitetiň öz inženerçilik maksatnamalaryna has çuňňur ýakynlaşdyrmak boýunça tagallalary goldamaga gönükdiriler. 

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2023-nji ýylyň martynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup CDIO guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilendigini bellemek gerek. Türkmen ýokary okuw mekdebi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda CDIO-nyň çäklerinde geçirilýän ylmy-amaly, bilim häsiýetli dürli halkara çärelerine hemişe gatnaşýar.