Ï Türkmenistanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň arasynda olimpiada geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň arasynda olimpiada geçirildi

view-icon 1045
Türkmenistanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň arasynda olimpiada geçirildi

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, Türkmenistanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dersara olimpiada geçirildi.

Bäsleşik “Şepagat uýasy”, “Anatomiýa we fiziologiýa” ýaly dersler boýunça geçirildi.

Ýurduň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň talyplary testleri hem-de dürli ýagdaýlara degişli wezipeleri çözmekde ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça “Şepagat uýasy” ugrunda I orun Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine berildi.

“Anatomiýa we fiziologiýa” dersi boýunça Marynyň, Türkmenabadyň we Balkanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleri I orny paýlaşdylar.

Olimpiadada iki ders boýunça II we III orunlary ýokarda görkezilen lukmançylyk mekdepleriniň, şeýle hem Arkadag we Daşoguz şäherleriniň lukmançylyk orta okuw mekdepleri eýelediler.

Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Olimpiada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ýurduň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýardam bermeginde geçirildi.