Ï Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 1835
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerinde biodürlüligi gorap saklamagyň ähmiýeti barada fotosuratlary, wideoşekilleri taýýarlamak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri üçin baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Bütindünýä ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Aral deňziniň töwereginde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatlykly ekoulgamlaryny gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Bäsleşik 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlandy. Onda birinji ýeri Daşoguz welaýatyndan Dilnaza Sapaýewa «Gözel tebigat» atly suraty; ikinji orny – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Rahmet Toýmyradow «Haýwanlaryň aýak yzlary» işi we Daşoguz welaýatyndan Mariýa Bekjanowa «Durmuş tebigatdyr» atly suraty; üçünji ýeri Daşoguz welaýatyndan Bibipatma Mämmedowa «Tebigat bu durmuşdyr» suraty we Isgender Annamuhammedow «Biodürlüligi goramagyň ähmiýeti» işi üçin eýelediler.

Ýeňijileriň işleri Amyderýa we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynda goýuljak maglumat diwarlyklary döretmek üçin ulanylar.