S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly geçirilen halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Bäsleşik Türkmenistanda bellenilýän Ylymlar gününe, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Bilim ministrligi bilen bilelikde bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Ýaşlaryň ylmy taslamalarynyň halkara gözden geçirilişi iki tapgyrda geçirildi. Bäsleşigiň ilkinji saýlama tapgyryna Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Belarusuň, Latwiýanyň, Malaýziýanyň, Polşanyň, Çernogoriýanyň we Sloweniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 131 işi berildi.
Eminleriň çözgüdi bilen bäsleşigiň ikinji, jemleýji tapgyryna ylmy taslamalaryň 36-sy geçdi.
Gözden geçirilişiň netijeleri boýunça iň oňat işleriň 18-si ýeňijiler diýlip yglan edildi. Olaryň 15-si türkmen talyplaryna wekilçilik edip, 3-si daşary ýurtly talyplar boldy. Birinji orny ylmy taslamalaryň 4-si, ikinji orny – 6-sy, üçünji orny – 8-si eýeledi.
Hormatly birinji orna hem-de ýeňijiler diýen ada Eýranyň Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldular.
Belarusuň Döwlet oba hojalyk akademiýasynyň, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary ikinji we üçünji baýrakly orunlaryň eýeleri boldular.
Talyplaryň işlerine taslamanyň döwrebaplygynyň we möhümliginiň esaslandyrylmagy, taslamanyň täzeçilligi we ylmylygy, taslamany tanyşdyrmagyň takyklygy we anyklygy, taslamany amala aşyrmagyň mümkinçiligi we önümçiligiň bahasy, taýýarlyk derejesi hem-de taslamanyň gutarnyklylygy ýaly ugurlar boýunça baha berildi.
Ýörite döredilen merkezi guramaçylyk topary bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegini, oňa gatnaşyjylaryň işlerine adalatly we dogry baha berilmegini üpjün etdi. Toparyň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda ylmy barlaglary iş tejribesine geçirýän ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň professorlary, mugallymlary, ylmy işgärleri, alymlary girdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Medeniýet merkezinde sergi guralyp, onda uniwersitetiň ylmy işleri, şeýle hem ýurtda daşky gurşawy hem-de bioköpdürlüligi goramak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň Medeniýet merkeziniň ýaş artistleriniň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.
Ýaşlaryň ylmy taslamalarynyň halkara bäsleşigi ýurdumyzda üçünji gezek üstünlikli geçirilýär. Gözden geçirilişiň baş maksady ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan hem-de BMG-niň DÖM-ni gazanmakdan, talyplaryň ylmy barlaglara bolan höwesini artdyrmakdan, olaryň döredijilik pikirlenişini ösdürmekden, zehinli ýaşlary goldamakdan, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak ulgamynda, tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak babatda talyplaryň ekologiýa medeniýetini we bilimlerini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem ýaşlaryň bu ugurlarda ylym we tehnologiýalar boýunça häzirki zamanyň gazananlary bilen tanyşmaklaryny üpjün etmekden ybaratdyr.