Ï Türkmenbaşyda Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşyda Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi

view-icon 2500
Türkmenbaşyda Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi

Şu ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde «Sanly ykdysadyýet arkaly durnukly ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ylmy-amaly maslahat bolup geçdi.

Ylymlar gününe gabatlanyp geçirilen bu çäräni «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi gurady.

Maslahata Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, okuwçylary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çykyş edenler maslahata gatnaşýanlary Türkmenistanyň ylym we bilim pudagynda, ýaş alymlary, ýokary bilimli we ökde hünärli işgärleri taýýarlamak işinde gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdylar.