Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlar ýygyndy toparlarynyň Täjigistanyň Gissar we Tursunzade şäherlerinde futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň (U20) arasynda geçirilýän Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyndaky duşuşygy 1:1 hasabynda deň tamamlandy.
Türkmen futbolçylary oýna güýçli depginde başladylar. Duşuşygyň başyndan Döwletmyrat Annaýewiň toparynyň futbolçylary dessine pökgüni alyp, ony Weýisgeldi Orazdurdyýewe geçirdiler, olam 15-nji sekuntda 2 goragçydan geçip, pökgüni ýakyn aralykdan tora salyp, ýaryşyň iň çalt pökgüsiniň awtory boldy.
Ýöne türkmen toparynyň artykmaçlygy uzaga çekmedi. 6-njy minutda Özbegistanyň ýaşlar toparynyň futbolçylary sag tarapdan hüjüm etdiler. Toparymyzyň goragçysy Akmuhammet Amanow ony almaga howlugyp, tötänlikden pökgini öz derwezesine saldy.
Duşuşygyň ahryna çenli hasap üýtgemedi.
Bu türkmen futbolçylarynyň CAFA 2025 çempionatyndaky eýýäm ikinji duşuşygydy. Birinjisinde ildeşlerimiz Eýranyň toparyndan – 0:1 hasabynda ýeňildiler, ýöne «B» toparçada jemleýji tapgyrdan öň bürünç medal ugrunda göreşmäge mümkinçiligi bar. Munuň üçin Eýranyň ýaşlar topary soňky duşuşykda azyndan iki pökgi tapawudy bilen özbegistanly deň-duşlaryndan üstün çykmaly.
«A» toparçada Owganystanyň wekilleri medal almak ugrunda göreşden galdylar, olar ilki Täjigistanyň toparyndan – 0:2, soňra bolsa Gyrgyzystanyň toparyndan – 0:3 hasabynda utuldylar. Indi bu toparçadaky 1-2-nji ýeriň ykbaly Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň toparlarynyň arasyndaky duşuşykda kesgitlener.
Toparçalaryň ýeňijileri finalda duşuşarlar. Toparçalarda ikinji orny eýelän toparlar bürünç medal ugrunda bäsleşerler. Şeýle hem bäşinji we altynjy orunlar ugrunda teselli beriji duşuşyk bolar.