Brýusselden Merkezi Aziýa-Ýewropa kreatiw bileleşiginiň prezidenti Ýelena Haritonowa «Turkmentextile Expo – 2025» halkara sergi-ýarmarkasyndan galan täsirleri barada gürrüň berdi. Türkmenistana ilkinji gezek gelip gören hanym Haritonowa çäräniň guramaçylyk derejesine we ýerli dizaýnerleriň ussatlygyna begenýändigini aýtdy.
Ýurtdan we şäherden galan täsirleri baradaky soraga jogap beren myhman:
– Türkmenistanda bolanyma örän şat. Bu meniň ilkinji gezek gelşim. Ikinji günden bäri kärdeşlerimiz, dürli ýurtlaryň dizaýnerleri bilen Aşgabatdan lezzet alýarys. Ol juda arassa şäher. Ýöne iň uly baýlygyňyz siziň halkyňyz, mähirli ýürekleriňiz.
Ýelena Haritonowa türkmen dizaýnerleriniň ussatlygyna, olaryň dokma we matalar bilen işleýşine haýran galypdyr. Aýratyn-da, dürli keşdeleri aýratyn nygtady:
– Bärde keşde aşa köp, bu gaty güzaply iş. Dizaýnerleriň hemmesi diýen ýaly milli ýörelgede işleýär, ýöne muňa garamazdan, her bir dizaýneriň işi özboluşly. Moda sergisiniň çeperligi tutuş hemmelerde uly täsir galdyrdy.
Ýelena Haritonowanyň pikiriçe, «Turkmenextile Expo – 2025» sergi-ýarmarkasy Merkezi Aziýada ilkinji dokma sergisi bolany üçin aýratyn özboluşly, ol ýeňil senagaty, moda elementlerini, enjamlary, senetleri we medeni mirasy gorap saklamagy birleşdirýär.
– Bileleşigimiziň esasy wezipesi Ýewropa we Merkezi Aziýa dizaýnyny utgaşdyrmak. Ol goşulyşma höwesde we dürli ýurtlardan gelen dizaýner kärdeşlerimiziň Aşgabat sergisine işjeň gatnaşmagynda-da ýüze çykdy.
13-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň meýdançasynda Ýelena Haritonowa dokma senagatynda täze materiallar we tehnologiýalar boýunça tanyşdyryş hem-de ussatlyk sapagyny geçirer we bu ugurda Ýewropa tejribesini paýlaşar. Mundan başga-da, ol Şeker Akynyýazowanyň alyp barjak «dokma diplomatiýasy» boýunça “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşar.