Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Filologiýanyň meseleleri” atly elektron ylmy-usulyýet žurnalynyň täze sany çapdan çykdy.
Žurnalda okyjylara hödürlenilýän makalalar ýurtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylym we bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işlere bagyşlanypdyr.
Makalalarda milli bilim ulgamyny özgertmek, bilim berilişini döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt dilleri öwrenilende ulanylýan okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek, bilime innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler giňişleýin şöhlelendirilipdir.
Şonuň bilen birlikde, makalalarda bu işleriň netijeliligi hem-de milli ylym we bilim ulgamynda gazanylan oňat netijeler beýan edilipdir. Sanly ulgama geçmegiň ýaş nesilleriň ösmegine, hünärmenleriň täze nesliniň taýýarlanylmagyna ýetirýän oňyn täsiri barada aýdylýar. Mundan başga-da, Türkmenistanda sanly ulgamdan peýdalanylyşynyň artyşy, şeýle hem maglumat howpsuzlygyna barha artýan islegler göz öňünde tutulyp, bu ulgamda durmuşa geçirilýän başlangyçlar barada gürrüň berilýär.
Žurnalyň bu neşirinde türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň giňden öwrenilişine garalýar. Şunuň bilen baglylykda, awtorlar türkmen edebi diliniň kemala gelmegine we ösmegine örän uly täsirini ýetiren, Gündogaryň beýik şahyry, akyldary hem-de filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenýärler. Makalalarda Magtymgulynyň edebi mirasyny gorap saklamak hem-de ony ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berilýär.
Şeýle hem žurnalyň täze sany okyjylary mamlýuk-türkmen döwletinde edebiýatyň ösmegine uly goşant goşan türkmen taryhçysy, ýazyjysy hem-de alymy Halyl ibn Aýbeg Safadiniň döredijiligi, onuň häzirki günlere çenli hem ähmiýetini we wajyplygyny ýitirmedik eserleriniň gurluşy we mazmuny bilen tanyşdyrýar.
Žurnalyň sahypalarynda gyzyklanýan okyjylar üçin dilde täze sözleriň döreýşine, nusgawy edebiýatda şahsy atlaryň eýeleýän täsin ornuna, rus nakyllaryny we atalar sözlerini öwrenmegiň hem-de ulanmagyň ýollaryna, mekdepde gürrüň bermegi öwretmegiň innowasion usullaryna bagyşlanylan makalalar ýerleşdirilipdir.
Žurnalyň täze sany, şeýle hem onuň ähli ozalky goýberilişleri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň saýtynda türkmen, iňlis we rus dillerinde okyjylara elýeterlidir.