Ï Öňümizdäki günlerde yssy howa dowam eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňümizdäki günlerde yssy howa dowam eder

view-icon 2801
Öňümizdäki günlerde yssy howa dowam eder

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň deslapky çaklamalaryna görä, 16-njy iýundan 23-nji iýuna çenli ýurdumyzda yssy howa dowam eder. Gündizlerine howanyň temperaturasy +40°C we ondan ýokary bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gündizlerine +40 ... +42°C, gijelerine +25 ... +27°C.

Ahal welaýatynda şemally howa bolar. Gündizlerine +38 ... +43°C, gijelerine +23 ... +28°C.

Balkan welaýatynda az bulutly howa bolar. Gündizlerine +35 ... +40°C, gijelerine +21 ... +26°C. Kenarýaka sebitlerinde az wagtlyk ýagyş ýagyp biler.

Mary welaýatynda aýdyň howa bolar. Gündizlerine +39… +44°C, gijelerine +24… +29°C.

Lebap welaýatynda howa esasan aýdyň howa bolar. Gündizlerine +39… +44°C, gijelerine +24… +29°C.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gündizlerine +38… +43°C, gijelerine +22… +27°C.

Yssy günlerde bedenimize goşmaça agram düşýär, bu, esasanam, çagalara we garrylara degişli. Yssy howada özüňizi rahat duýmak üçin, günüň astynda köp wagt bolmazlyga çalşyň. Daşaryk çykanyňyzda, başgap ýa saýawan ulanmak bilen, kelläňizi göni düşýän gün şöhlesinden hökman goraň. Şeýle hem, bedeniňizde suw ýetmezligi ýüze çykmazlygy üçin, günüň dowamynda ýeterlik mukdarda suw içmegi unutmaň.